Şuşada iýulda Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçer

Şuşada iýulda Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçer

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) resmi däl sammiti öňdäki iýulda Garabagdaky Şuşa şäherinde geçer, bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türki döwletleriň Parlament assambleýasynyň agza-ýurtlaryň parlament ýolbaşçylaryny kabul edende aýtdy diýip, TASS habar berdi.

Aliýew sammitiň gün tertibiniň, esasan, ulag we howa bilen bagly boljakdygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň Lideri türki dünýäniň uly kuwwata eýe bolan we giň çäkleri özünde jemleýän uly maşgaladygyny nygtady. Ulag geçelgeleri, energiýa serişdeleri, adam kapitaly, artýan ilat, oňyn demografiki ýagdaý— bu ägirt uly mümkinçiliklerdir. Biziň wezipämiz bu mümkinçilikleri dünýä möçberinde uly güýje öwürmekdir diýip, Aliýew aýtdy.

Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) öň Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi diýen at bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredildi. Guramanyň agzalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan. Türkmenistan we Wengriýa gurama synçy hökmünde gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Bişkek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Ýeňiş Gününi Gutlady
Ortaýer deňzinde batan rus ýük gämisine garşy terrorçylykly hüjüm guraldy
BMG: howanyň üýtgemegi ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär
Ýaponiýada guş dümewi sebäpli 170 müň towuk ýok ediler