Surhanderýada iki müň ýyl ýaşy bolan şäheriň galyndylary tapyldy

Surhanderýada iki müň ýyl ýaşy bolan şäheriň galyndylary tapyldy

Özbek-hytaý arheologlarynyň bilelikdäki gözleg işleri netijesinde Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynyň Uzun etrabynda 4 müň ýyl ýaşy bolan mazarlardyr iki müň ýyl ýaşly şäher yzlary tapyldy. Bu barada Kun.uz saýty habar berdi.

Bu ýerde ele salnan tapyndylaryň arasynda keramiki gap-gaçlar, ýarag, bezeg şaý-sepleri, heýkeljikler, şäher diňleriniň galyndylary we gadymy mazarlar bar.

Alymlaryň deslapky çaklamalaryna görä, bu arheologiki tapyndylar Kan, Kuşan we Ýueçži (massagetler) döwürlerine degişli bolup, biziň eýýamyzdan öňki II asyr- biziň eýýamymyzyň III asyry bilen senelenýär.

Häzirki wagtda özbek-hytaý arheologlar topary çäkde gözleg-barlag işlerini dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Özbegistana gelýän oltluda partlaýjy madda tapyldy
Özbek gümrükçileri Türkmenistandan gelen otluda partladyjylary tapdylar
Özbegistanda türkmen-özbek ýük gatnawlary üçin täze stansiýa açyldy
Özbek telekeçileri Türkmenistandan ne puluny, ne-de $1 millionlyk sementini alyp bilýär
Türkiýe 2020-nji ýylda Özbegistanda iň köp kärhana açan ýurt boldy
Türkmenistana içalyçylyk etmekde günäkärlenen özbek ýörite gullugynyň öňki işgäriniň hossarlary onuň türmeden boşadylmagyny talap edýärler