Suratly sözlük arkaly özbaşdak dil öwrenmegiň innowasion usullary

Ýurdumyzda ylym öwrenmegiň döwrebap usullary giňden ulanylýar.Daşary ýurt dillerini öwrenmekde dürli usullardan elektron enjamlardan hem peýdalanylýar.Döredilýän şertler talyp ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, her ýyl 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi yglan edilýär.

Men hem döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, bu bäsleşige öz taýýarlan wizual sözlügimi hödürläp, ýokary baýraga mynasyp boldum.Bu ylmy işde ýaşlar bilen bir hatarda dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, ýaş tapawudy bolmazdan, 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli daşary ýurt dilini öwrenmek isleýän öwrenijileriň dil öwreniş prosesinde gymmatly boljak jemi 4 dilde (türkmen, iňlis, ýapon, rus), 3 uly bölümi (Türkmen-iňlis), (Rus-iňlis),(Ýapon-iňlis) hem-de 30 müňden gowrak söz we söz düzümlerini özünde jemleýän Multilingual Visual Dictionary (Köp dilli wizual sözlük) atly 650 sahypalyk gollanma kitaby, şol sanda kitabyň elektron görnüşi (PDF, EPUB), kitabyň işlenip taýýarlanan web programmasy we mobil goşundysy hödürlenilýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar.

Kitapda beýan edilen sözleriň türkmen dilindäki görnüşi türkmen elipbiýinde, rus dilindäki görnüşi kiril elipbiýinde we iňlis dilindäki görnüşi bolsa latyn-skript elipbiýinde, ýapon dilindäkisi iki görnüşde, ýagny, ýapon diliniň elipbiýi bolan hirogana, katakana we kanji arkaly, şeýle hem ýapon dilinde sözüň dogry aýdylyşyny aňsatlyk bilen öwretmek maksady bilen romaji görnüşinde beýan edilen.

Gollanma kitabynyň beýleki sözlüklerden aýratynlygy, müňlerçe ýokary hilli suratlary, şekilleri we diagrammalary öz içine alýar.Kitapdaky sözler tematiki manysy we aýry-aýry 350-den gowrak mowzuga görä tertipli görnüşde ýerleşdirilen.

Bu bolsa sözleri kitapdan aňsatlyk bilen gözläp tapmaga hem-de ýatda saklamaga mümkinçilik berýär.

Gollanma kitaby öwrenijä uly ýeňillik döredýär.Beýleki sözlükler bilen deňeşdirilende, bu gollanmany peýdalanýan öwreniji her bir sözüň manysyny diňe okamak we terjimesini görmek bilen çäklenmän, eýsem, sözüň aňladýan manysyny wizual görnüşde, ýagny ýokary hilli realistik suratlar we şekiller arkaly öwrenip bilýär.

Bu bolsa öwrenijä kän wagt ýitirmän şol bir wagtyň özünde sözleri okamaga, öwrenmäge, suratlaryny ýa-da şekillerini görmek arkaly manysyny aňsatlyk bilen ýatda saklamaga ýardam berer.

Dil öwrenmäge isleg bildirýänler üçin niýetlenen köp dilli wizual sözlük gollanma kitabynyň esasynda döredilen mobil goşundysy ýokary hilli dizaýn edilen we häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen işlenip taýýarlanan daşary ýurt dillerini aňsatlyk bilen öwredýän köp taraplaýyn ýöriteleşdirilen programmadyr.

Programma, esasan, dürli dillerdäki sözleri hemişelik ýatda saklamaga ýardam berer.Programma arkaly täze sözi öwrenmek prosesi sözüň suratyny görmek, sesli okalyşyny diňlemek, sözüň ýazylyşy okamak, sözi sözlemiň içinde mysal getirmek, ýazmaça we test görnüşinde synag etmek arkaly amala aşyrylýar. Üç dürli wagtda we üç dürli ýerde üstünlikli synagdan geçilen söz öwreniji tarapyndan öwrenildi ýa-da özleşdirildi diýlip hasap edilýär.

Wizual sözlügiň mobil goşundysynyň programma üpjünçiliginde hyýaly hakykat (AR) tehnologiýalarynyň ulanmagy bilen bu işiň tehnologiýa taýdan täzeçillige eýe bolandygy görkezilýär. Programma üpjünçiligi döwrebap dilde ýazylyp, onuň goragyny we hilini ýokarlandyrýar. Netijede, daşary ýurt dillerini öwrenmekde sözlükleriň, aýratyn hem suratly wizual sözlükleriň täsirli ähmiýeti öwrenildi we degişli işler arkaly subut edildi.

Daşary ýurt dilini has aňsat we çalt öwrenmekleri üçin taýýarlanylan köp dilli wizual sözlük gollanma kitaby esasynda öwrenijiler üçin ulanmagy ýeňil we gyzykly, ýokary hilli dizaýn edilen we häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen işlenilip köp taraplaýyn ýöriteleşdirilen mobil goşundy taýýarlanyldy we web sahypa açyldy. Öwrenijileriň bir wagtyň özünde türkmen, rus, iňlis we ýapon dillerini öwrenip bilmekleri üçin mümkinçilik döredildi. Çünki, bu gollanma diňe bir sözlük funksiýasyny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, kitapda dil, diliň grammatikasy, sintaksisi dogrusynda degerli maglumatlar we peýdaly maslahatlar ýerleşdirildi.

Dilnoza Mamutniyazowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby, Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ugry boýunça Türkmenistanyň 1-nji derejeli Ýaş alymy diýen hormatly adyň eýesi.

Ýene degişli makalalar

Belet Video Ýagşymyradow Kasanganaý tutluşygyny görkezer
Türkmenistanyň Bilim ministrligine emeli aňly bilim taslamasy tanyşdyryldy
Alaja ykjam programmasy siziň hyzmatyňyzda
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
Russiýa göçmek isleýän raýatlar prosesiň durgunlaşandygyny aýdýar
Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi