SURATKEŞLERIŇ ÜSTÜNLIGI

SURATKEŞLERIŇ ÜSTÜNLIGI

Altyn Ordanyň — Beýik Ulusyň esaslandyrylmagynyň 750 ýyllygy mynasybetli Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Turan-gazak suratkeşler Konsolidasiýasynyň halkara baýragyny almak ugrunda 2020-nji ýylda geçirilen bäsleşik sergisine Merkezi Aziýa ýurtlaryndan jemi 100-e golaý suratkeş, şol sanda türkmen suratkeşlerinden Döwletgeldi Akyýew, Azat Myradow hemde Myrat Hojagulyýew öz eserleri bilen gatnaşdylar. Ýakynda Azat Myradow we Döwletgeldi Akyýewiň tapawutlanyp, Turan halkara sungat baýragyna mynasyp bolandygy baradaky sertifikaty gelip gowuşdy.

Abraýly bäsleşigiň emin agzalary: D.Akyýewiň eserleri durmuşyň iň derwaýys meselelerine esaslanýar, grafika eserleri döredijiligiň çuňňur mazmunyny hem-de pikirlerini açyp görkezmekde keşbiň we stiliň bitewüligi, milli äheňleri bilen tapawutlanýar diýip bellediler.

A.Myradowyň bolsa içki erkinligi, ruhy özbaşdaklygy sazlaşdyrmagy başarýan, täzeçil pikirleri bilen özüne çekýän eserleri dünýägaraýşy we tematikasy boýunça özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.Bu üstünlik suratkeşlerimizi geljekde döredijilik we sungat äleminde täze-täze eserleri döredip, has-da önjeýli işlemäge ruhlandyrar.

Ogulgurban GAŞLAKOWA.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENLERDE DÜÝE BEZEMEGIŇ GADYMY DÄPLERI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi
“Diýarym asudaýurdum parahat” atly sergi
PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY