Suratkeşiň nesil daragty dikeldildi

Italiýaly alymlar genetiki barlaglar arkaly Leonardo da Winçiniň nesil daragtyny dikeltdiler.Bu iş üçin olara on ýyl töweregi wagt gerek boldy.Alessandro Wessozi we Agnese Sabato dünýä belli suratkeşiň maşgalasynyň 21 nesliniň dowamyndaky erkek kişileriň yzygiderli nesil daragtyny düzdiler.

Olar barlaglaryny 1331-nji ýylda doglan urugbaşy Mikelden başlap, häzirki ýaşap ýören 14 sany nesil bilen tamamladylar.Leonardonyň özi (1452-nji ýylda doglan) altynjy nesle degişlidir.Urug şejeresi maşgalanyň diňe bäş şahasyny öz içine aldy.

2016-njy ýylda barlag geçirijiler Leonardo da Winçiniň maşgalasynyň köp sanly neslini tapandyklaryny habar beripdiler. Arhiw maglumatlaryna görä, Leonardonyň özi zürýatsyzdyr. Ýöne onuň köp nesli bolan 22 öweý dogany bolupdyr.

690 ýyly öz içine alýan nesil daragtynyň bäş şahasyny Leonardonyň kakasy Pierodan (5-nji nesil) we onuň dogany Domenikodan (6-njy nesil) yzarlap gaýtsaň bolýar. Alymlar 15-nji nesilden bäri 225 sany anyk adam hakynda maglumat tapyp bildiler.

Barlag geçirijiler erkek ugry boýunça geçýän Y hromosomasynyň 25 nesliň dowamynda üýtgewsiz galýandygyny bellediler. Diri adamlar bilen öten-geçenleriň Y hromosomy deňeşdirilende, ýüzlerçe ýyldan soň hem olaryň garyndaşlyk gatnaşygyny anyklap bolýar.

Leonardo da Winçiniň DNK-syny aýdyňlaşdyrmak diňe bir onuň galyndylarynyň hakykylygyny tassyklamaga däl-de, eýsem, beýleki möhüm soraglara-da jogap bermäge, mysal üçin, onuň uçursyz zehininiň sebäbini anyklamaga mümkinçilik berer. Genetiki maglumatlar ussadyň ene-atasynyň nirede doglandygyny, hakykatdan hem çepbekeýdigini, haýsy durmuş ýörelgesini alyp barandygyny hem-de nesil yzarlaýan haýsy kesellerden ejir çekendigini anyklamaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Paýhaslar düwünçegi
Paýhaslar
Ekoişjeňler Luwrdaky Mona Lizanyň portretine çorba dökdüler
Dürli halklardaky yrym-ynançlar
Paýhaslar