Moskwada geçiriljek Dutaryň owazy VII halkara sungat festiwalynyň çäklerinde 4-nji noýabrda Russiýanyň Sungat akademiýasynda Türkmenistanda doglan suratkeş Dariý Asadullaýewiň Gojaman Hazar deňziniň kenarynda atly grafiki eserler toplumy görkezilişe çykarylar.
Türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň Keçpelek atly sazyndan ylham alan suratkeşiň bu grafiki eserler toplumy onuň Çeleken şäherinde geçiren çagalygy baradaky ýatlamalaryna esaslanýar.
Dariý Asadullaýew Russiýanyň Suratkeşleriniň döredijilik birleşmesiniň agzasy bolup, ol 1979-njy ýylda Hazaryň kenaryndaky Çeleken şäherinde dünýä inýär. Ol 1999-njy ýylda Aşgabadyň sungat mekdebini, 2008-nji ýylda bolsa, Beýik Britaniýanyň Skipton School of Art and Media dizaýn mekdebini tamamlaýar.
Häzirki wagtda Dariý Asadullaýewiň eserleri Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Ysraýylyň, Italiýanyň hem-de ABŞ-nyň şahsy kolleksiýalarynda saklanylýar. Ol şu wagta çenli Russiýanyň, Angliýanyň we Türkmenistanyň çäginde birnäçe şahsy sergisini gurady.