Super “Real Madrid”

UEFA Super Kubogyny Real Madrid topary 6-njy gezek gazandy.Warşawada oýnalan duşuşykda Çempionlar ligasynyň soňky çempiony Ýewropa ligasynyň häzirki eýesi, Italiýanyň “Atalanta” toparyny 2-0 ýeňdi.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynda iki toparyňam derwezeçileri howply pursatlarda toparlaryny goldan halas etdi.Netijede, 1-nji ýarym golsuz tamamlandy.Oýnuň 59-njy minutynda Winisius Junioryň ajaýyp pasynda Federiko Walwerdä topy boş derwezä gönükdiräýmek galdy.

Bu goldan 9 minut soň, has takygy, 68-nji minutda bu gezek Jud Bellingamyň pasynda topy batly uran täze transfer Kilian Mbappe tapawutlanyp, hasaby 2-0-a ýetirdi.Galan minutlarda-da hasap üýtgemedi we Real Madrid topary 2024-nji ýyldaky 4-nji kubogyny gazandy.

Bu olaryň 6-njy Super Kubogy bolup, madridliler bu kubogy iň köp eýelän topar boldy.Real Madrid bu ugurda Milan hem-de Barselonadan öňe saýlandy.Ispan topary 49-njy gezek gowşurylan UEFA Super Kubogyny mundan öň 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda gazanypdy.

Toparyň tälimçisi Karlos Ançelotti 5-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazanyp, öz rekordyny ösdürdi.

Fransiýaly Super ýyldyz Kilian Mbappe Real Madriddäki ilkinji resmi duşuşygynda gol geçirdi hem-de täze toparyndaky ilkinji kubogyny asmana galdyrdy.

Angliýaly Jud Bellingam duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

Real Madriddäki 27-nji-nji kubogyny gazanan Luka Modriç toparyň iň köp kubok alan oýunçysy boldy.

Ispan klublary 17-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazandy.

Şol sanda Çempionlar ligasynyň ýeňijileri 29-njy gezek bu kubogy eýelemegi başardy.

Ýene degişli makalalar

Real Atalantany 2:0 hasabynda ýeňip, UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
BMW “Real Madridiň” futbolçylaryna elektroulag sowgat berdi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy