Super Liganyň 22-nji hepdesi tamam boldy

Super Liganyň 22-nji hepdesi tamam boldy

Liganyň liderlik ýaryşynda bolan Fenerbahçe komandasy Çaýkur Rizespor komandasyndan, Galatasaraý komandasy bolsa Gaziantep FK komandasyndan üstün çykdy.

Super liganyň 22-nji hepdesine lider bolup başlan Beşiktaş bolsa Trabzonspor komandasy bilen bäsleşdi.

Gara deňiziň wekili bolan Trabzonspor komandasy Beşiktaş komandasyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy.

Düýn duşuşyk artykmaçlygy bilen liganyň 1-nji ornuna geçen Fenerbahçe komandasy, Beşiktaş komandasynyň bal ýitirmeginden soň liganyň lideri boldy.

Beşiktaş soňky geçiren duşuşygyndan soň liganyň 2-nji ornuna geçen bolsa, Galatasaraý 3-nji oruna geçdi.

Super Liganyň 22-nji hepdesinde geçen duşuşyklar we onuň netijesi:

Ýeni Malatýaspor-Fatih Karagümrük: 0-0

Gaziantep FK-Galatasaraý: 1-2

Kasympaşa-Hes Kablo Kaýserispor: 0-1

Medipol Başakşehir-Atakaş Hataýspor: 1-5

Fenerbahçe-Çaýkur Rizespor: 1-0

Aýtemiz Alanýaspor-Demir Grup Siwasspor: 3-1

Büyükşehir Belediýe Erzurumspor-MKE Ankaragüjü: 1-0

Ýukatel Denizlispor-Göztepe: 2-1

Gençlerbirligi-Fraport TAV Antalýaspor: 0-1

Beşiktaş-Trabzonspor: 1-2

Super Liganyň 23-nji hepdesinde geçiriljek duşuşyklar:

2-nji fewral, sişenbe güni:

16.00 Atakaş Hataýspor-Fenerbahçe (Antakýa Atatürk)

19.00 Çaýkur Rizespor-Kasympaşa (Çaýkur Didi)

19.00 Galatasaraý-Medipol Başakşehir (Türk Telekom)

3-nji fewral, çarşenbe güni:

13.30 Demir Grup Siwasspor-Büýükşehir Belediýe Erzurumspor (Täze 4-nji Sentýabr)

16.00 Fatih Karagümrük-Gaziantep FK (Atatürk)

16.00 Hes Kablo Kaýserispor-Aýtemiz Alanýaspor (Büýükşehir Belediýesi Kadir Has)

19.00 Ittifak Holding Konýaspor-Gençlerbirligi (MEDAŞ Konýa şäher häkimligi)

19.00 Fraport TAV Antalýaspor-Beşiktaş (Antalýa)

4-nji fewral, penşenbe güni:

16.00 Göztepe-Ýeni Malatýaspor (Gürsel Aksel)

19.00 Trabzonspor-Ýukatel Denizlispor (Medikal Park)

Ýene degişli makalalar

Trendýol Super Liganyň 6-njy hepdesi tamam boldy
Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi tamamlandy
“Trabzonspor” bilen “Porto” legionerleri bilen Super Kubogy eýelediler
Spor Toto Super Liganyň 29-njy hepdesi tamamlandy
Super Liganyň 39-njy hepdesi tamamlandy
Kütahýa Keramiki Plitkasy
Trendýol Super Liganyň 30-njy hepdesi tamamlandy