Super kuboklaryň eýeleri

Angliýanyň Super kubogy “Community Shield” duşuşygynda ýeňiş bu ýyl hem “Mançester Sitiniň” tarapynda boldy.Pep Guardiolanyň şägirtleri “Wembley” stadionynda oýnalan oýunda wise-çempion “Liwerpuly” penaltilerden soň, ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşygyň 12-nji minutynda Rahim Sterling hasaby açdy. 77-nji minutda “Liwerpulyň” goragçylary Wan Deýkiň pasyndan soň, Joel Matip hasaby deňledi.Birnäçe amatly pursatdan peýdalanyp bilmedik Mohamed Salah 90+3-nji minutda ýeňiş goluna gaty golaý geldi. Ýöne soňky pursatda Kaýl Wolker topy derwezäniň çyzgysyndan çykarmagy başardy.

Oýundan soňky penaltilerde “Mançester Siti” 5-4 hasabynda ýeňiş gazanyp, kubogy bassyr 2-nji, umumylykda 6-njy gezek eýeledi (1937, 1968, 1972, 2012, 2018, 2019).Germaniýanyň Super kubogyna (DFL-Supercup) wise-çempion “Borussiýa Dortmund” topary mynasyp boldy.

Olar öz meýdançasynda oýnalan Super kubogy duşuşygynda çempion hem-de kubogyň eýesi “Bawariýany” 20 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.Dortmundlylara 5 ýyldan soň, Super kubogy gazandyran gollary 48-nji minutda Pako Alkaser bilen 69-njy minutda Jeýson Sanço derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Borussiýa Dortmund” topary taryhynda 6-njy gezek Germaniýanyň Super kubogyny gazandy.

Olar mundan ozal, 1989-njy, 1995-nji, 1996-njy, 2013-nji we 2014-nji ýyllarda kubogy eýeläpdi.Duşuşyga 81365 janköýer tomaşa etdi.Fransiýanyň Super kubogyny (Trophee des Champions) çempion PSŽ eýeledi.

Parižliler Hytaýyň Şenzen şäherinde oýnalan duşuşykda “Renn” toparyndan 21 üstün çykdy.Birinji ýarymda Adrien Honunyň 13-nji minutdaky goly bilen öňe saýlanan “Renn” ikinji ýarymda üstünligini saklap bilmedi. 57-nji minutda Kilian Mbappe hasaby deňlese, 73-nji minutda Anhel Di Mariýa PSŽ-ni öňe çykardy.

Netijede, 21 hasabynda ýeňşini baýram eden PSŽ 9-njy gezek (1995, 1998, 2013, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019) Fransiýanyň Super kubogyny ýokary galdyrdy. Şunlukda, PSŽ topary 8 kubokly “Liondan” öňe saýlanyp, 1-nji orna geçdi.Portugaliýanyň Super kubogy (Supertaça Cândido de Oliveira) duşuşygynda paýtagt Lissabonyň iki kluby “Benfika” bilen “Sporting” duşuşdy.

Algarwe stadionynda oýnalan bu oýun 50 hasabynda “Benfikanyň” ýeňşi bilen tamamlandy. 4 pökgini 2-nji ýarymda geçiren “Benfikanyň” gollaryny 40-njy minutda Rafa, 60-njy we 75-nji minutlarda Pizzi, 64-nji minutda Grimaldo hem-de 90-njy minutda Çikuinio derwezä girizdi. 41-nji gezek geçirilen Super kubogy duşuşygynda soňky 6 ýylda 4-nji, umumylykda-da 8-nji sapar ýeňiş gazanan “Benfika” topary “Sporting” bilen deňleşdi.

Bu ugurda “Porto” 21 kubok bilen öňde barýar.Türkiýäniň Super kubogy ugrundaky duşuşykda çempion “Galatasaraý” bilen “Akhisarspor” duşuşdy.Paýtagt Ankarada geçirilen duşuşykda “Galatasaraý” 10 hasabynda ýeňiş gazandy.

Stambullylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 38-nji minutda Ýunes Belhanda derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Galatasaraý” 6-njy gezek Super kuboga mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Teýlor Swift milliarderler boldy
Meşhur aktwist barada täze film
Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy
Albom çykmazdan, rekord goýdy