Dili senaly halkymyz Ýagşydan at galar diýýändir.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, başy dik bolsun!Milli sungatymyz diňe bir gaýtadan tirsege galman, halkymyzyň ruhy tugy bolup al-asmanda pasyrdaýar.
Türkmen halk aýdym-saz sungatynyň beýik halypalarynyň çeken päk zähmeti, siňdiren taýsyz zehini, bu günki gün belentden sarpalanýar.Ussat halypalaryň döreden ýoluny öwrenmek, ondan buýsanç bilen gadam urmak, iň gymmatly miras hökmünde geljek nesillere getirmek biziň jana-jan borjumyzdyr.
Bakylyk owazy bolup ýaňlanýan şirin mukamlarymyz çyn zehinleri bilen adyny ebedileşdiren halypalar baradaky ýagşy ýatlamalary her bir pursatda ýatlaýarys.
Halk sazy il-günüň ýürek owazy.Ol hut şu mynasybetde-de hakyky halk sazy, milli saz sungaty bolup asyrlarda ýaşaýar, heňňamlaryň gerşinden aşyp, nesilleriň ýüregine ornaýar.Türkmen halk sazy uzak geçmişde il içinden çykan hakyky zehinleriň ýadawsyz zähmeti, saz sungatyna süňňi-süýegi bilen berlenligi bilen kemala gelýär, ösýär, örňeýär, kämilleşýär hem ýaşaýar. Şol zehinleriň döreden, sünnäläp işlän, çalyp halka bagyşlan aýdym-sazlary häzirki kämil saz sungatymyzyň özenine, daýanjyna öwrülendir.
Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýan günlerinde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň hepdeliginiň başlanmagy bilen, halypa mugallymlarymyzyň we talyp ýaşlarymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak duýgulary emele getirdi.
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri uly mugallym Osman Güjümow we Türkmenistanyň at gazanan artisti uly mugallym Çarymyrat Ahunowyň gatnaşmaklarynda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etmek maksady bilen ýaş talyplaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Olar halypalaryň döreden eserlerini we halk sazlary ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirijilik sungatynyň aýratynlyklary babatynda talypa ýaşlara gürrüň berdiler.Türkmenistanyň at gazanan artisti uly mugallym Aýgül Ýagşyýewa hem hepdeligiň açylyş dabarasy bilen gutlap talyp ýaşlara öz maslahatlaryny gürrüň berdi.
Açylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti professor Ýolaman Nurymowa we Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewe uly hormat bilen söz berildi.Olar hem geçirilýän dabaraly hepdelik bilen gutlap talyp ýaşlara öz maslahatlaryny berip çykyş etdiler.
Bu hepdeligiň saza, şowhuna utgaşmagy döredijilik duşuşygyň depginini has-da ýokarlandyrdy. Ýokary ruhubelentlik bilen geçirilen hepdeligiň ahyrynda gatnaşanlaryň ählisine sagbolsun aýdyldy, hepdelikde her gün halypalar baradaky duşuşyklar we ýylyň şygary bilen bagly akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli döredilen aýdymlaryň konserti bilen dowam edilip we ähli talyplara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Joşgunly dabaraly ýagdaýda geçen hepdelik bolsa talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, döwlet, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!