Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda dabaralanýar.
2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip atlandyrylan ýylymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň abraýly bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sene ýazgysynda giň gerimli halkara gatnaşyklarynda alnyp barylýan döredijilik işleri uly üstünliklere beslenýär.
2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi.Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tanymal sungat işgärleri, ýagny Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy, Özbegistanyň halk suratkeşi Akmal Nuridinow, Al-Faraby adyndaky Gazagystanyň Milli uniwersitetiniň mugallymy, Sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Žanarbek Beristenow, I.Arabaýew adyndaky Gyrgyzystanyň Döwlet uniwersitetiniň professory, Gyrgyzystanyň halk suratkeşi Ýuristanbek Şygaýew we Täjigistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargis Hamidowa myhmançylykda boldular.
Duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdebinde talyp ýaşlara berilýän bilimiň, degişli hünärleriň we taýýarlygyň ugurlary boýunça okuw otaglaryna aýlanyp ýakyndan tanyş boldular.Soňra akademiýanyň talyplarynyň ýokary derejede ýerine ýetirilen diplom we ýyllyk işleriniň ýygyndysy bolan Altyn fondy muzeýine, muzeýleri ýatladýan eksponatlara baý bolan akademiýanyň zallaryna, şeýle-de Sergi jaýynda gurnalan baý mazmunly, köp öwüşgünli eserleri özünde jemleýän sergä aýlanyp gördüler. Özlerinde täsir galdyran sungat eseri barada çuň manyly pikirlerini beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda hormatly myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen döredijilik duşuşygyny geçirip söhbetdeş boldular. Şekillendiriş sungatynda öçmejek yz goýan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ilkinji bolup kanoniki portretini döredip, şol eserden ruhlanyp soňky suratkeşleriň döredijiliginde şahyryň ajaýyp keşbiniň, döredijilik dünýäsiniň we onuň ähmiýetiniň gymmaty öz beýanynda ýokary derejede tapandygyny bellediler. Şonuň üçin hem, Aýhan Hajyýew türkmen nakgaşçylyk mekdebiniň ösmeginde aýratyn uly goşant goşan şahsyýet hasaplanýar.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň hormatyna alnyp barylýan ägirt uly işleriň many-mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesillerimizde sungat ussadynyň döredijiligine hormat goýmakda ähmiýetli mekdep bolup durýandygynyň subutnamasydyr.