Sumgaýyt himiýa senagat parkynyň önümleri Türkmenistana ugradyldy

Sumgaýyt himiýa senagat parkynyň önümleri Türkmenistana ugradyldy

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň garamagyndaky Ykdysady zolaklary ösdürmek agentliginiň ygtyýaryndaky Sumgaýyt himiýa senagat parky öz önümlerini dünýäniň 60 ýurduna, şol sanda Türkmenistana ugratdy. Bu barada Report.az habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Sumgaýyt himiýa senagat parky 8,7 milliard manatlyk (azerbaýjan manady —Red.) önüm satdy.

Çeşmäniň Ykdysady zolaklary ösdürmek agentliginiň maglumatyna salgylanyp bellemegine görä, önümleriň 3,1 milliard azerbaýjan manady möçberindäki bir bölegi Türkmenistan, Türkiýe, Gruziýa, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hytaý, Ýaponiýa, Taýwan, Ukraina, Bolgariýa, Italiýa, Awstriýa, Rumyniýa, Polşa, Makedoniýa, Niderlandlar, Daniýa, Finlýandiýa, Litwa, Estoniýa, Müsür, BAE, Liwan, Yrak, Braziliýa, Kanada we ABŞ ýaly ýurtlara eksport edildi.

Şu ýylyň birinji ýarymynda himiýa senagat parkynda 1,3 milliard manatlyk önüm öndürilip, onuň bir bölegi (446 million manat) eksporta gönükdirildi.

Ýene degişli makalalar

15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
2023- nji ýyl dartgynly geçdi...
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň indiki garşydaşy Indoneziýa 9:0 hasabynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar