Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi

Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi

Eger kofe süýt bilen içilse, adam organizmi üçin has peýdalydyr diýip, ýewropaly molekulýar biologlar anykladylar. Ylmy-barlaglar süýt beloklarynyň kofe dänelerindäki antioksidantlaryň täsirini güýçlendirýändigini görkezdi diýip, Journal of Agricultural and Food Chemistry neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Kopengagen uniwersitetiniň alymlary munuň üçin kofäniň düzümindäki antioksidantlaryň adam bedenine täsirini seljerdiler. Barlaglara görä, antioksidantlar öýjüklerde sistein aminokislotasynyň molekulasy bilen birleşip, güýçli täsir edýär, sowuklamanyň derejesini üç esse azaldyp, dogabitdi immunitetiň işine ýardam berýän genleriň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Sisteine baý beloklar süýtde we süýt önümlerinde köp duşýar. Alymlar süýtli kofeniň gara kofä garanda, has peýdalydygy barada netijä geldiler.

Ýene degişli makalalar

Siňekler howanyň üýtgemeginiň öňünde arylardan ejiz bolup çykdy
Daýhan Titanigiň görnüşindäki öý gurdy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy