Süýnýän ekran öndürildi

Intel Innovation atly tehnologiýa sergisinde Intel we Samsung kompaniýalary süýnýän ekranly kompýuteri bilen tanyşdyrdylar.Ululygy 13 dýuýmlyk ýuka ekranyň esasy aýratynlygy gapdallygyna çekilip, 17 dýuýma çenli giňeýändigidir.

Intel tanyşdyrylyş dabarasynda 13-nji nesle degişli Alder Lake mikroprosessoryny hem görkezdi.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Pat Gelsinger ekranyň iki gyrasyndan çekip, ony uzaltdy.Bu ýagdaý myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Samsung Display-iň ýolbaşçysy Js Çoi bolsa, bu enjamy ýanyňda götermegi aňsatlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriň dörejekdigini belledi.Samsung kompaniýasy 3-4 ýyldan bäri eplenýän ekranly telefonlary öndürýär.Galaxy Z ady bilen çykarylan bu telefonlardan soňra kompaniýa has täsin, dürli şekilde ulalyp-kiçelýän enjamlary öndürmäge girişýär.

Guwanç ANNAMÄMMEDOW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Intel we Samsung ýygnalýan ekranly PK bilen tanyşdyrdy
Iň meşhur eplenýän smartfonlar belli edildi
Ilkinji süýnýän displeý
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar
Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy