Süýjülikleriň süýji baýramy

Tomusky dynç alyş möwsüminde bellenilýän iň gowy baýramçylyklaryň biri hem Bütindünýä tort günüdir.Megerem, bu süýji iýmiti halamaýan ýok bolsa gerek.Esasan hem, körpejeleriň gowy görýän süýjülikleriniň biri bolan tort doglan günleriň, baýramçylyklaryň nyşany hasaplanýar. 20-nji iýulda halkara derejesinde bellenip geçilen Bütindünýä tort güni barada nämeler bilýäris?!

Geliň, tort bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyň!

Gysgaça taryhy

lkinji tortuň haçan peýda bolandygy belli däl.Bu süýjüligiň taryhynyň 2 müň ýyldan gowrakdygy çaklanylýar. Üstüne owradylan däne sepilen çörekleriň suratlary Gresiýanyň we Gündogaryň käbir taryhy maglumatlarynda saklanyp galypdyr.

Gadymy döwürlerde bal bilen hoz garylan çörekli süýjülik meşhur bolup, tortuň ilkinji nusgasy hasaplanýar.Tort sözi italýança tortal sözünden gelip çykyp, tegelek çörek diýen manyny berýär.Wagtyň geçmegi bilen bu süýji iýmit dürli ýurtlara ýaýrap, tort, cake atlary bilen tanalyp başlaýar.

Belli bir döwürlerde tort söýginiň, dostlugyň, agzybirligiň nyşany hökmünde peýdalanylypdyr. Ýagny tort kesmek ylalaşygyň, şowlulygyň gazanylandygyny görkezipdir.

2009-njy ýylda Süýji düýş ady bilen geçirilen aşpezlik sungatynyň şüweleňinde süýjülik tortlarynyň dürli görnüşleri hem köpçülige hödürlenýär.Gyzyklanmalaryň artmagy bilen 2011-nji ýylda tort güni eýýäm birnäçe ýurtda bellenip, Halkara dostluk torty döredilýär. Şondan soň tutuş dünýäde meşhur bolan bu baýramçylyk her ýyl Men size tort bilen gelýärin diýen şygar bilen geçirilip gelinýär.

Bütindünýä tort gününde dünýäniň dürli ýurtlarynda taýýarlanan konditer önümleriniň täze görnüşleri hödürlenýär.

Gyzykly maglumatlar häzirki wagta çenli hasaba alnan rekordlar

Gadymy döwürlerde tort häzirki bilşimiz ýaly süýji iýmit bolmandyr.

Ilkibaşda tort iki bölek tegelek çöregiň arasyna baldyr mürepbe goýlup taýýarlanypdyr.

Fransuzlarda ilkibaşda tort diýip etli gutaba aýdylypdyr.

Doglan gün üçin ilkinji tort 1975-nji ýylda bişirilýär.

Iň gymmat simwolik tort Tokio almaz sergisinde ýasalýar. Ol ýalpyldawuk şaý-sepler bilen bezelip, 230 töweregi göwher ulanylýar.

Iň uzyn tort Peruda taýýarlanýar. Uzynlygy 246 metrden gowrak bolan tort üçin 500 kilogram şeker sarp edilýär.

Iň kiçi tort şweýsariýaly konditerçi tarapyndan ýasalyp, barmagyň ujunda saklap bolýar.

Iň agyr tort ABŞ-da taýýarlanyp, agramy 50 tonnadan gowrakdyr.

Iň beýik tort hem ABŞ-da ýasalýar. 10 gatdan ybarat tortuň beýikligi 30 metre barabar.

Ýene degişli makalalar

Ýeralma barada gyzykly maglumatlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erikgalaly we türkmenabatly hünärmenler Aşgabatdaky kiçi ýarmarkada öz işlerini görkezerler
Fransuz çörekçileri dünýäde iň uzyn baget nany taýýarladylar
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy (TRT) 60 ýaşynda