Sues kanaly petiklenensoň, dünýä söwda dälizinden (koridoryndan) geçmek üçin onlarça gämi hatara düzüldi

Sues kanaly petiklenensoň, dünýä söwda dälizinden (koridoryndan) geçmek üçin onlarça gämi hatara düzüldi

Dört gün ozal Sues kanalyna uly ýapon ýük gämisi çökdi we kanaly petikläp dünýä söwdasynda durgunlyga sebäp boldy. Häzirki wagtda kanalyň iki gapdalynda onlarça gämi garaşýar.

Sues kanalyny dolandyryjylar, dälizi (koridory) petikleýän gäminiň entek aýrylmandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Ýaponiýanyň Evergreen kompaniýasyna degişli Ever Given atly äpet ýük gämisiniň ekipažy gämini aýyrmaklyk boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

400 metr uzynlygy bolup, 224000 tonna ýük daşaýan Ever Given atly äpet ýük gämisi gaçyp, Sues kanalyny petikledi. Häzirki wagtda onlarça söwda gämisi we tanker, dünýäniň iň iri strategik söwda dälizinden (koridoryndan) geçmeklik üçin kanalyň iki tarapynda nobata durýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Meşhur klub adyny hem nyşanyny üýtgeder
General Motors 57 ýyldan bäri birinji gezek logotipini täzeledi
Ilkinji hepdesinde 1 million nusgasy satyn alyndy
“Google”-de iň köp gözlenen filmler hem-de seriallar
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Dabarany Keke Palmer alyp barar