Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Baidu” sürüjisiz awtobuslaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýdy.Kompaniýa “Apolong” atly ulaglaryň, ilkinji nobatda, Hytaýyň iri şäherlerinde ulanylyp başlanjakdygyny, soňra bolsa, beýleki ýurtlara ugradyljakdygyny mälim etdi. “Baidu” dolulygyna özbaşdak hereket edip bilýän ulaglary öndürýän az sanly kompaniýalaryň biridir.
Bu ulaglarda örän ýokary sürüş tehnologiýasy ulanylýar.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Robin Li 2018-nji ýylyň sürüjisiz ulaglaryň söwda maksatly öndürilip başlanan ýyly boljakdygyny belleýär.Ulagda sürüji üçin oturgyç, rul, duruzyjy we gaz pedallary göz öňünde tutulmandyr. 14 orunlyk jemgyýetçilik ulagy elektrik kuwwaty bilen işleýär.
Oňa iki sagat zarýad berlenden soňra, 100 kilometr ýol geçýär.Iň ýokary tizligi 70 km/s.Golaýda bu döwrebap ulag ýurduň Pekin, Şençžen, Wuhan we beýleki uly şäherlerinde ulanylyp başlanar. Ýaponiýanyň “Softbank Group” maliýe edarasy bilen gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde kiçi göwrümli awtobusyň indiki ýylyň başynda Tokioda hem ulanyljakdygy bellenilýär. “Softbank”-yň eýeçilik edýän “SB Drive” hem-de awtoulag öndüriji “King Long” şereketleriniň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäklerinde “Apolong” mikroawtobuslarynyň 10-sy Ýaponiýa eksport ediler.
Bu ylalaşyk Hytaýyň daşary ýurda sürüjisiz awtoulag eksport eden ilkinji ylalaşygy hökmünde hasaba alyndy.Bu ulagyň syýahatçylaryň köp barýan ýerlerinde, howa menzillerinde we beýleki ýerlerde ulanylmagyna garaşylýar.Döwrebap ulaglaryň önümçiligi ýurduň Fuszýan welaýatynyň Syýamyn şäherindäki zawodynda öndürilýär.