Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäheriniň jemagat hyzmatlary geňeşi sürüjisiz taksi hyzmatlarynyň giňeldilmegine rugsat berdi. Şeýlelikde, Cruise hem-de Waymo kompaniýalary şäherde hepdäniň ýedi güni, günüň 24 sagady tölegli taksi hyzmatyny ýola goýup bilerler.

Tölegli hyzmat edýän sürüjisiz taksiler robotaksi diýlip atlandyrylyp, soňky ýyllarda dünýäniň tehnologiýa babatda ösen käbir şäherlerinde hödürlenip başlandy.Robotaksi ulaglary şäheriň degişli infrastruktura ornaşdyrylan köçelerinde tölegli hyzmaty sürüjisiz ýagdaýda amala aşyrýarlar.

Ondan peýdalanmak üçin el telefonyňa degişli mobil goşundyny ýükläp, öz ýanyňa çagyrmak ýeterlik.Gitjek ýeriňi hem degişli mobil goşundy arkaly bellemeli.Dürli kameralar we beýleki howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilen ulag ýoluny internet aragatnaşygy arkaly tapýar.

Taksiçilik hyzmatyny hödürleýän Cruise LLC kompaniýasy ABŞ-nyň General Motors Co. awto-

ulag öndürijisine, Waymo bolsa, Alphabet Inc. tehnologiýa kompaniýasyna degişlidir. Täze karara görä, sürüjisiz ulaglaryň hyzmat ediş çägi hem giňeldiler.

Waymo-nyň 200 töweregi, Cruise-yň 300 töweregi sürüjisiz hereket edip bilýän awtoulagy bar. Häzirki wagtda bu taksiler belli ýerlerde ulanylyp bilinýär. Ilkibaşda sürüjisiz ulaglara howpsuzlyk üçin sürüjiniň oturgyjynda bir işgäriň oturmagy şerti bilen rugsat berlipdi.

Ýene degişli makalalar

“Waymo” täze sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy
Harytlary salgysyna eltýän sürüjisiz ulaglar işe giriziler
Sürüjisiz awtoulaglar kämilleşdirilýär
Ilkinji sürüjisiz ulag “Waymo”
Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
Lionel Messi sporta we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time kompaniýasyny esaslandyrdy