Sürüjisiz taksiler işe başlady

Hytaýyň “Baidu” tehnologiýa şereketi söwda maksatly sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýdy.Täze hyzmatyň ýurduň paýtagty Pekiniň Şougang senagat parkynda “Robotaxi” ady bilen ýola goýlandygy habar berildi.

Bu hyzmatdan peýdalanmak isleýänler “Apollo Go” atly mobil programmany telefonuna ýükläp almaly.Ulanyjy bu programmadan peýdalanyp taksini çagyrýar.Telefona iberilen kod kwadrat bolsa gelen taksiniň gapysyny açmaga ýardam edýär. 3 kilometrlik aralykda hyzmat edýän taksiniň bir gezeklik ýol nyrhy 30 ýuan.

Häzirlikçe 10 ulag ýolagçylary 8 sany bellenen nokada äkidýär. “Baidu” bu hyzmatyň geljekde ýurduň beýleki şäherlerinde hem ýola goýuljakdygyny mälim etdi.

Birnäçe ýyldan bäri, sürüjisiz ulaglary synagdan geçirýän “Baidu” sürüjisiz ulag parkynda 500 ulag bar. Kompaniýa geçen ýylyň oktýabryndan bäri Pekiniň üç sebitinde synag işlerini amala aşyrýar. Ýurtda “Baidu”-dan başga-da öz ulagyň bilen taksiçilik etmäge mümkinçilik döredýän “Didi” kompaniýasy hem sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar.

The post Sürüjisiz taksiler işe başlady appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren afrikaly futbolçysy boldy
Super Liganyň 39-njy hepdesi tamamlandy
“Bawariýany” ýaryşdan çykaran çempion bolýar…
Alty ýylda ýüz kompaniýa satyn aldy
Super Liganyň 22-nji hepdesi tamam boldy
Salah APL-de iň köp gol geçiren 5-nji afrikaly futbolçy