Sürüji ýetmezçiligi sebäpli, döwlet taksileriniň ençemesi işlemeýär

Sürüji ýetmezçiligi sebäpli, döwlet taksileriniň ençemesi işlemeýär

Paýtagt Aşgabatda we Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde taksi sürüjileri ýetmezçilik edýär. Bu aralykda, döwlet gözegçiligindäki awtomobil ulag hyzmatlary kärhanalary sürüjileri işe çagyrýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabat, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki awtoulag kärhanalarynyň hasabynda duran taksi ulaglarynyň ençemesiniň, sürüji we müşderi ýetmezçiligi sebäpli, boş durandygyny habar berýärler. Paýtagtdaky taksi ulaglarynyň tas ýarysyna golaýy, Türkmenbaşydaky döwlet taksileriniň dörtden üçüsi, Balkanabada bölünip berlen taksileriň bolsa, ikisinden biri işlemeýär.

“Döwlet taksi kärhanalarynda işlemäge isleg bildirýän adam tas ýok diýen ýaly” diýip, ulag pudagyndan habarly bir çeşme aýdýar.

Sürüjiler bu ýagdaýy ýerli awtoulag kärhanalarynda iş şertleriniň amatsyz bolmagy bilen düşündirýärler. Şeýle-de, günbatar sebitde müşderiler hem ýetmezçilik edýär.

“Turkmenportal” neşiri 5-nji iýunda Aşgabatdaky “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň raýatlary sürüji wezipesine işe çagyrýandygyny habar berdi. Dalaşgärlerden “B, Ç, D” derejeli sürüjilik şahadatnamasy we awtoulag sürmek tejribesi talap edilýär. Işe ýerleşmek isleýän adamlar kompaniýanyň Çoganlydaky merkezi edarasyna ýüz tutmaga çagyrylýarlar.

Bu aralykda, ýerli bloggerler hem IMO messenjeri arkaly sürüjilik iş teklipleriniň giň köpçülige ýaýradylmagyna goşant goşýarlar.

“Türkmenbaşy şäheriniň taksi kärhanasynda zähmet çekere tas adam galmady diýen ýaly. 150 taksi ulagyna tas 30 çemesi sürüji bar. Ýolbaşçylar ähli ýerlere bildiriş berip çykdylar. Sürüji tapylmaýar” diýip, bir balkanly taksi sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sürüjilerden gündelik 220 manat möçberinde gündelik gazanç etmek talap edilýär. Galyberse-de, döwlet ulaglaryna edilmeli hyzmatlar sürüjileriň üstüne ýüklenýär.

“Türkmenbaşyda gündelik 220 manat tapmak kyn. Tapan ýagdaýyňda hem, ulagyň döwülse, teker ýarylsa ulagyň ätiýaç şaýlarynyň üpjünçiligi sürüjiniň üstüne ýüklenilýär. Iň bolmanda, motor ýagynyň çalşyrylmagy, filter bilen bilelikde 800 manat bolýar. Müşderi tapmak hem kyn. Adamlarda pul ýok, awtobuslara münýärler. Galyberse-de, hususy taksiler hem köp. Döwletde taksi sürüjisi bolup, geljegiňi gurmak mümkin däl” diýip, sürüji aýdýar.

Onuň sözlerine görä, kärhanalaryň işgärleriniň ençemesi daşary ýurtlara, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna we Birleşen Arap Emirlikleri we Katar ýaly aýlag döwletlerine işe gidipdirler.

Taksi hyzmatlaryny hödürleýän “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle-de Balkan welaýatyndaky “Balkanawtoulag” önümçilik birleşigi, hem-de Türkmenbaşydaky awtoulag kärhanasy “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagyndadyr. Bu gulluga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentligi gözegçilik edýär.

Soňky ýyllarda ýurtda birnäçe awtomobil ulaglary kärhanalary hususylaşdyryldy.

Hökümetçi neşirler 2023-nji ýylyň martynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan 334 sany döwrebap taksi ulagynyň welaýatlara bölünip berlendigini habar berdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary şonda esasan 2010-2017-nji ýyllar aralygynda öndürilen “Toyota Corolla” hem-de “Hyundai Elantra” kysymly awtoulaglaryň, taksileriň sebit kärhanalaryna bölünip berlendigini habar berdiler.

Köne taksi ulaglarynyň sebitlere paýlanylmagynyň arasynda, döwlet mediasy şonda Aşgabatda 530 sany täze, “Toyota Corolla” kysymly taksi ulaglarynyň ilata hyzmat edip başlandygyny habar berdiler.

Bu ulaglara, aradan bir ýyl geçenden soňra, häzirki wagtda sürüjiler ýetmezçilik edýär.

Azatlyk Radiosy taksi kärhanalaryndaky sürüji ýetmezçiligi boýunça ýerli kärhanalardan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär
Awazada bolan ýol heläkçiliginde dört adam wepat boldy
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlar
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär