“Süper Lig”-iň klublaryna tälimçi çydanok

Ýewropada köp tälimçi çalyşmakda ýakasyny tanadan türk klublary bu ýörelgelerini täze möwsümde-de ýokary depginde dowam etdirýärler. Çempionatyň täze möwsüminde 7 tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Şol 7 tapgyrda 7 klubuň tälimçisi wezipesinden gitdi. 3-4-6-njy sentýabrda “Istanbul Başakşehir” toparynyň tälimçisi Emre Belözoglu, “Gaziantep” toparynyň tälimçisi Erdal Güneş, “Kaýserisporyň” tälimçisi Çagdaş Atan wezipelerinden gidipdi. 25-nji sentýabrda “Istanbulspor” toparynyň tälimçisi Fatih Tekke, 27-nji sentýabrda-da “Samsunspor” toparynyň tälimçisi Hüseýn Eroglu işinden gidipdi. 2-nji oktýabrda “Ankaragüjü” tälimçisi Tolunaý Kafkas bilen ýoluny aýyrdy. 6-njy oktýabrda-da ýurduň öňdebaryjy klublaryndan “Beşiktaş” tälimçisiz galdy.

Topar UEFA Konferensiýa Ligasynda “Lugano” toparyndan 2-0 öňde barýarka, 3-2 utulmagyndan soň klub tejribeli tälimçisi Şenol Güneşi wezipesinden boşatdy.Iki taraplaýyn razylyk netijesinde “Beşiktaş” toparynda 2-nji Güneş döwri tamamlandy.

Tälimçileriniň ugradan klublaryň käbirleri täze tälimçilerini mälim edenem bolsa, käbirleri entegem tälimçi gözlegini dowam etdirýär. Çagdaş Atan “Istanbul Başakşehiriň”, ozalam işläp giden rumyniýaly Marius Şumudiça “Gaziantep” toparynyň, Rejep “Uýar Kaýerispor” toparynyň, Emre Belözoglu “Ankaragüjü” toparynyň täze tälimçileri boldy.

Ýene degişli makalalar

Stambulda Türki dünýäsiniň synçylarynyň Simpoziumy geçirildi
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
3 toparyň hem 9 utugy bar
“Ýuwentus” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder
Italýan hem rus toparlary tapgyry ýeňişsiz tamamladylar, iňlis klublary uly hasaply ýeňiş gazandylar
Kononenko 15-nji sentýabrda kosmosa çykar, Türkmen-Eýran serhedindäki Bajgiran goýberiş nokadynda awtoulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi we beýleki habarlar