Armyt gadymy eýýamlardan bäri ekilip gelinýär, ol miladydan öňki müňýyllykda Gadymy Gresiýada-da belli eken. Häzirki wagtda bägül gülliler maşgalasyna degişli bag armydynyň ýetmiş görnüşi bar.
Biziň ýurdumyzda olaryň dört görnüşi gabat gelýär.Olaryň ýabany görnüşleri agaç şekilli ownuk miweli şahalak gyrymsy agaç kysmydyr.Olar diňe biziň ýudumyzda ösýän, Sumbar jülgesinde duş gelýän türkmen armydy, diňe Köpetdagda we Sünt-Hasardagda bitýän Buasýe armydy, şeýle hem Regel armydydyr, ol beýlekilerden tapawutlylykda gür tikenekli bolup, Özbegistanda, Täjigistanda, Gazagystanda we Hytaýda bellige alnandyr.
Türkmen bagbanlarynyň ýetişdirýän köp görnüşli adaty medeni armydy hemmelere mälimdir.Emma onuň ýabany görnüşleri Günorta-Günbatar Köpetdagyň, şeýle hem demirgazyk Eýranyň jülgelerinde gabat gelýär.Geçen ýyl Sünt-Hasardagda geçirilen botaniki ylmy barlagyň we ösümlik dünýäsine derňewiň barşynda türkmen botanikaçylary ýabany armydyň täze görnüşini ýüze çykardylar.
Ol deňiz derejesinden 1580 metr ýokarda Hasar dagynyň depesinden iki kilometr töweregi gündogarda, keramtly “Mezitli baba” diýen ýeriň töwereginde duş geldi.Bu ýere pyýada galjak bolsaň üç sagatlap ýol ýöremeli, bu bolsa barlag geçirijilere şol ýere barmagy kynalşdyrýar. Ýabany armydyň biraz böleginiň bitýän ýerine barýan ýoluň ugrunda eňňit depede gyrymsy agaçlardyr uzyn otly düzlük gabat gelýär.
Tebigatyň şu owadan künjeginde ýurdumyzyň ösümlikler dünýäsi üçin ösümligiň kiçeňäk jeňňeli ýüze çykaryldy. Ýapraklarynyň gurluşy we beýleki sypatlary boýunça ol ozal türkmen tebigatynda gabat gelmedik leýliýapraklylar görnüşine degişlidir.Dokuz santimetre çenli inçeneşder uzyn ýapraklary onuň özboluşly aýratynlygydyr.
Daşyndan garasaň ol gyrymsy agaja meňzeýär, käbirleriniň beýikligi üç metre ýetýär.
Häzirki wagta çenli leýliýaprak armyt Orta deňiz ýeriniň, Günbatar Aziýanyň we Kawkazyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we günbatar Eýranyň ösümlik dünýäsine mahsusdy.Bizde şu görnüşiň tapylmagy—Merkezi Aziýa üçin ilkinji hadysadyr, bu bolsa Köpetdagyň Orta ýer deňzi ösümlikleriniň ýaýran çäginiň demirgazyk çetidigini ýene bir gezek subut edýär.
Bu ösümliklere daşyndan syn edilende biziň gurak howa şertlerimizde onuň gowy ösýändigini göze ilýär, oňa kesellere durnukly, ýönekeý ösümlik diýlip baha berildi.Leýliýaprak armyt köp ýurtlarda gurak ýerlerde, daglyk tekiz, dag eňňitlerinde we baýyrlarda ösýär, şonuň üçinem medeni görnüşlerine guraklyga durnukly peýwendi ösümlik hökmünde ulanylýar.
Peýdaly hojalyk sypatlary bilen baglylykda armydyň täze görnüşini ýurdumyzyň tokaý ösümlikleri hojalyklarynda ulansa bolar.
Köpetdagyň, Köýtendagyň we Sünt-Hasardagyň tebigy landşaftlarynda ylym üçin açyşlaryň ençemsei gizlenip ýatyr. Şonuň üçinem botanikaçy alymlar wagtal-wagtal ösümlikler dünýäsiniň görnüşleriniň hasabyny geçirýärler, bu bolsa olaryň täze ýa-da ýiten görnüşlerini ýüze çykarmaga müükinçilik berýär. Şeýle ösümlikleriň her biri diňe bi alymlarda gyzyklanma döretmän, eýsem Türkmenistanyuň ösümlikler dünýäsiniň bibaha genetik hazynasydyr.