SÜNNÄLI YNSAN — DÜNÝÄLI YNSAN

SÜNNÄLI YNSAN — DÜNÝÄLI YNSAN

Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň nepis alajalarydyr olary örmek üçin niýetlenen iş guraly milli gymmatlyklaryň arasynda orun aldy

Il arasyndaky Eli çeperiň ömri çeper diýen aýtgy ýöne ýerden dörän däl bolsa gerek.Eliň çeperliginiň ömre, ömrüň çeperliginiň hünärli gollara bagly bolmagynyň gözbaşynda durmuşy hakykat bar. Özi hem giňişleýin söhbet edeniňe degýän hakykat.

Bu ýerde ömrüň çeperligi onuň manysy bilen baglanyşyklydyr.Biz bu hakykata türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi milletiň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýolundan aýdyň göz ýetirýäris.

Nusgalyk zenanyň çuň yhlasynyň, çeper elleriniň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan gyzyl kürtesiniň hemde gülli jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylanyna heniz köp wagt geçenok.Bu gün bolsa öz ellerinden çykan, nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guraly şol milli gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi.

Has dogrusy, 3-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Döwlet muzeýine gelip, gaýyn enesi Ogulabat ejäniň nepis alajalarydyr olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi.

Bu ajaýyp gymmatlyklar külli türkmen halkyna berlen sowgat bolup, ata-babalarymyzyň perzendini göz-dilden goramak bilen bagly yrym-ynançlaryny gaýtadan dabaralandyrdy.Biziň her birimiziň Ogulabat ejäniň ruhy penasyndadygymyzyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen gyz-gelinleri ýiti synçy nazary bilen gözelligi, täsinligi duýup bilýän suratkeşlerdir.Olar haly dokamak, keşde çekmek, gaýma gaýamak, milli lybaslary tikmek, jorap örmekden başga-da, el hünäriniň aýratyn görnüşleri bolan alaja örmegiň, jähek çalmagyň, aldymgaç kakmagyň hem ussadydyr.

Alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr.Alajalaryň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin örüpdirler.

Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabynda: Dünýä halklarynyň medeniýetinde şowlulyk getirýän, daşarky ýaramaz täsirlerden goraýan dürli hili şekilleriň, esbaplaryň asylyp goýulýandygyny bilýänsiňiz.Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözdendilden goraglylygy aňladýar diýlip bellenilýär.

Şeýle-de öýleriň gapysyna, hojalykda ulanýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly öý mallaryna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atyna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däpleriniň biridir.Taryhymyza nazar salsak, ak öýleriň ýaraşygy bolan sallançagy gurmakda alaja ýüpleriň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar.

Muňa Gahryman Arkadagymyzyň adybir kitabyndaky: Gadymy döwürlerde-de ak öýleriň dulunda alaja ýüp germelip, şoňa kilim atylyp, sallançak edilipdir diýen setirleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Bedew ata alaja dakmak däbi bolsa, häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär.Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz täze dünýä inen taýlara, ilki bilen, mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakyp, olaryň başyny sypaýar.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Ömrümiň manysy atly eserinde: Ejem öz keşde-nagyşlaryny gözellige, sungata öwürmegi başarýan zenandyr.Men onuň öz eli bilen ören alajasyny täze doglan taýlara, bedewlere dakanymda hem örän buýsanýaryn diýen setirlerini okanyňda, elinden dür dökülen Ogulabat ejäniň keşde sünnälemek, gülli jorap örmek ýaly el işlerinden başga-da, alaja örmegiň-de ussadydygyna göz ýetirýärsiň.

Halkymyzda On barmakda on hünär diýlişi ýaly, el işleriniň birnäçesinden baş çykaran Ogulabat ejemiz eli çeperligiň naýbaşy nusgasyny öz el hünäri bilen beýan etdi.Milli Lidermiziň ak ýoly bilen, Barýar ýaş nesiller ýagty geljege.

Ogulabat ejäniň mähir-yhlasy, Öwürdi balasyn beýik Gerçege.Bilşimiz ýaly, alajalar diňe ýüp görnüşinde bolman, eýsem, el işleriniň ähli görnüşlerinde nagyş hökmünde hem ýerine ýetirilýär. Çeper elleriň döreden islendik sungatyny alyp görsek, onda alaja nagşynyň uly orun eýeleýändigini göreris.

Meger, şonuň üçindir Nagyş görki alaja diýilýändir.Haly sungatymyzda, keşdelerimizde, keçelerimizde dürli-dürli alaja nagyşlary ulanylýar.Hatda tara önümlerine-de alajalar salnypdyr.Elbetde, bu zatlar eý gören zadyny eýeçilik gözi bilen goraglan halkymyzyň hiç bir halkyňka meňzemeýän asylly häsiýetiniň nyşanydyr.

Alajanyň ýönekeý görnüşi gyzjagazlara irki ýaşlarynda öwredilip başlanýar.Eline ýaňy iňňe-sapak berlip başlanan gyzjagazlar dürli alajalar işip, öz ýakynlaryna sowgat berýärler.Bu bolsa nesilleri terbiýelemegiň, olary hünäre ugrukdyrmagyň naýbaşy usullarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyz öz agtyjagyndan alaja sowgat alandygyny Ömrümiň manysy atly kitabynda: Gyzjagazyň eline iňňe-sapak ber, oglanjygyň eline pil ber diýen nakylyň manysyny ýene has çuňňurrak yzarlap göreliň!Ol, bir tarapdan, her kimiň özüne muwapyk kesp-kär bilen meşgullanmalydygyny ýatladýar, şol bir wagtyň özünde, nesilleri hünärlere nähili ugrukdyrmalydygyny hem salgy berýär.

Men muňa öz durmuş tejribämden mysal getireýin.Haçan-da, agtyjaklarymyň birine şol paýhasly jümlä eýerilip sapak berlende, ol maňa öz elleri bilen alaja işip berdi.Men muňa juda guwandym. Şunuň özi-de şaýatlyk edýändir, ene-mamalarymyzyň gadymy amaly-haşam sungaty häzirki döwürde-de nesillerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Bu-da ýörelgedir, ýaşaýşymyzyň ýörelgesidir, ene-mamalarymyzyň göreldesi bilen dowam edýän ýörelgedir diýip belleýär.

Ýeri gelende bellesek, Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken.Bular barada Ogulgerek gelnejäniň buýsanç bilen gürrüň bermegi maşgaladaky gaýyn-gelin, ýaşuly-ýaşkiçi gatnaşyklarynyň örän berkliginiň, hormat-sylagyň ýokarydygynyň beýanydyr. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek gelnejäniň haly muzeýine baryp, agtyklary bilen täze ýüwürdilen halynyň başyna geçip, ony hem-de agtyklaryna haly dokamagyň inçe syrlary barada gürrüň bermegi mukaddes maşgala däplerini mynasyp dowam etdirmegiň görelde mekdebi boldy.

Bu pursady ýakyndan we mawy ekran arkaly synlamak biziň her birimizde milli ýörelgelerimize buýsanç duýgusyny döretdi.

Sünnäli ynsan dünýäli ynsan.Neneň dünýäli bolmasyn?!Sebäbi döredýän her bir sungat eseriniň özi bir dünýä, özi bir ykbal. Şahyryň Dünýä döredesim gelýär goşgudan Öz güni, öz Aýy, öz deňzi bilen diýşi ýaly, çeper elleriň hem döredýän nepis işleriniň öz Aýy, öz Güni, öz deňzi, öz kalby, öz kamaty bar. Şeýle ajaýyp dünýäli gymmatlyklary nesillere miras goýan Milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejemiz bize nusgalyk mekdepdir.

Onuň nepis sungaty ýaş nesilleri, ylaýta-da, ýaş gelin-gyzlary terbiýelemekde, olarda asylly sypatlary kämilleşdirmekde, edep-terbiýäni, maşgala ojagyna, ata-enä wepaly bolmak häsiýetlerini ösdürmekde, zähmet endigini kemala getirmekde möhüm terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Şahyryň aýdyşy ýaly, Zenan diýmek dünýedir.... Şol dünýäniň döreden ajaýyplyklaryny söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramak, ýaş nesillere ýetirmek bolsa, her birimiziň borjumyzdyr.

Goý, milli mirasymyzyň zenanlar tarapyndan dowam etdirilýän ajaýyp nusgalaryny öwrenmäge, olary Ýer ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri üstünliklere beslensin! Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk ýoly dowamat-dowam bolsun! Döwlet muzeýiniň baý hazynasyna goşulan milli gymmatlyklarymyz gutly bolsun!

Ýene degişli makalalar

Mähir siňen nepislik
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Nagyş görki alaja atly söhbetdeşlik
Arzuwlar siňen alaja atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi
Diňle: Balkanda prezidentiň ejesiniň we enesiniň propagandasy ýaýbaňlanýar