Trabzon welaýatynyň Maçka etrabynda ýerleşýän Sümela manastyryna üstümizdäki ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 395 müň 994 adam baryp gördi.
Altyndere jülgesinde ýerleşýän 300 metr belentlikdäki gaýalara oýlup gurlan manastyr, tebigy, taryhy we medeni gurluşy bilen hem ünsleri özüne çekýär.
ÝUNESKO-nyň Dünýäniň wagtlaýyn medeni mirasy sanawynda ýer alýan manastyra gelýänleriň sany gün saýyn köpelýär.
“Azize Warwara” hökmünde hem bilinýän Aýa Warwara buthanasy bilen hem ünsleri özüne çekýän Sümela manastyry, sebitiň syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşýar.
Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan Sümela manastyryna üstümizdäki ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 395 müň 994 adam baryp gördi.