Sülgün guşy

Eziz Diýarymyzyň tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine diýseň baý.Türkmen tebigatynyň iň gözel jandarlarynyň biri hem sülgündir.Guşuň bu görnüşi öý towugyna çalymdaş bolup, guýrugy inçeden uzyn, horazynyň reňki ala, altynsow, goýy-ýaşyl, mämişi we mawumtyl bolýar.

Uzyn guýrugy sarymtyl-gyzylymtyl-ýaşyl öwüsýär.Mäkiýanynyň reňki goňurrak sary, boýny melewşe öwüşginlidir.Horazy mäkiýanyndan ep-esli uly bolup, uzyn guýrugy bilen tapawutlanýar.Uçup barýarka haýsydyr bir howp abananda, bada-bat gonup, çöp-çalamyň arasy bilen ylgap başlaýar.

Ylgan wagty kellesini we boýnuny öňe süýndirip, guýrugyny ýokaryk galdyrýar.Gaty ylgaýar.Pessaý we az uçýar.Bu guşlar, esasan, jeňňellikde ýaşaýarlar.Horazlarynyň agramy 2 kg, mäkiýanlarynyňky 1,4 kg töweregi bolýar. Ýurdumyzda sülgüniň 4 sany aşaky görnüşi duşýar (pars, murgap, amyderýa we hywa).

Olar ýelek örtüginiň, ýumurtgalarynyň reňkleriniň dürlüligi, köpelýän wagtlary we ýaşaýan ýerleri bilen tapawutlanýar.

Sülgünler Günbatar we Günorta Ýewropada, Kawkazda, Aziýanyň köp ýerinde, Amerikanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Tasmaniýanyň käbir ýerlerinde duş gelýär. Ýurdumyzda Günbatar Köpetdagda, Amyderýanyň, Tejen, Murgap, Garagum derýalarynyň jülgelerinde mesgen tutunan sülgünler jeňňelliklerde, gamyşlyklarda, ýylgynlyklarda, ösgün otluk we ekerançylyk ýerleriniň golaýynda, şor suw akabalarynyň, suwly ýaplaryň kenarýakalarynda ýaşaýar.

Günortada guşlaryň ilkinji jüýjeleri apreliň birinji ýarymynda, demirgazykda maýyň başynda çykýar.Höwürtgesi ýerde, içine ösümlikleriň çybyjaklary, baldajyklary ýa-da otlaryň çüýrän galyndylary we öz ýelekleri gatyşdyrylyp düşelen oýtajykda ýerleşýär.

Sülgüniň jüýjelerini bäş aýdan soňra ulularyndan tapawutlandyryp bolmaýar.Sülgünleriň iýmit sanawyna ösümlikleriň miweleri, tohumlary, tut kömelegi, gurçuklar, balykgulaklar, dürli mör-möjekler, hatda maýdaja balyklar we suwulganlar girýär.

Sülgünler kähalatlarda adamlaryň ýaşaýan ýerlerine hem aralaşýarlar. Hatda öý towuklarynyň arasyna goşulyp, olaryň iýmlerini hem çokýarlar. Tomus we güýz paslynda sülgünler höwürtgelemek üçin amatly bolan ýylgynlyklarda, igde jeňňelliklerinde gezýärler. Gyşyna bolsa, esasan, toraňňylyk we buýanly jeňňelliklerde saklanýarlar. Guşlar tokaýlardaky zyýankeş mör-möjekleriň liçinkalaryny, ýumurtgalaryny köpçülikleýin gyryp, tokaýlaryň işjeňliginiň kadalaşmagyna ýardam edýärler.

Rejepgül HUDDYÝEWA,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak

jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.

The post Sülgün guşy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanly ýaş tennisçi Türkiýede geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy
Baýramçylyk çapyşygynyň Baş baýragynyň ýeňijisi haýsy at bolar?
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşyk geçirildi
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda gurnalan göçme sergi