Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu beren beýanatynda, "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen baglanşykly terrora garşy göreşiň şu günki gün başlamandygyny, emma iň ýakyn wagtda ekstremist terror guramasynyň PKK-nyň köküniň goparyljakdygyny mälim etdi.
Süleýmän Soýlu: "Türkiýede terrorçylaryň sany 300-den hem azaldy, emma Eýranda we Yrakda 5 müň terrorçy bar. Eden-etdiliklerini Siriýada etdirýändikleri üçin ol ýerde maşgalalarynyň ellerinden goparylyp, esger hökmünde hataryna goşýandyklary üçin ol ýerde 5 müň terrorçy bar. Işimiziň entek gutarmandygyny ýatlatmak üçin aýdýaryn" diýip beýan etdi.