Paýtagt Ankara şäherinde Howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar koordinasiýa merkezinde (GAMER) geçirilen duşuşykda, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Goňşuçylyk we giňelmek boýunça komissary Oliwer Warheliýni GAMER-e gezelenç etdirdi we merkez barada maglumat berdi.
Gepleşikleriň barşynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, bosgun, serhet howpsuzlygy, Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalaryň döretjek bosgun tolkuny ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Içeri işler ministriniň orunbasary Muhtarem Inje we ÝB-niň Türkiýe delegasiýasynyň başlygy Nikolaus Meýer-Landrut hem gatnaşdy.