
Täjigistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynda SSKA Hujandy 2:0 hasabynda ýeňdi. SSKA-nyň türkmenistanly hüjümçisi Süleýman Muhadow bu duşuşyga gatnaşmady.
Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Istiklol Bohtar şäherinde ýerli Hatlondan 3:1 hasabynda üstün çykyp, liderligini dowam etdirdi. Indi topary 23 utugy bar.
Kulýabyň Rawşany Farhoryň Hosilotyny 2:0 hasabynda ýeňip, utugyny 17-ä, özüni bolsa ikinji basgançaga göterdi.
Üçünji orundaky Eshatanyň 16, Süleýman Muhadowyň toparynyň 14, Kuktoş bilen Faýzkandyň bolsa 13 utugy bar.