Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäginde Alaý toparynyň düzüminde ilkinji gezek resmi duşuşyga çykdy. Alaý bu tapgyrdaky duşuşygy Dordoý bilen geçirdi. Muhadowyň täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Eldik Klassiko ady bilen meşhur bolan bu duşuşyk 7-nji awgustda geçirildi.
Öňräk Alaý Muhadowyň topar bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşandygyny habar berdi. Hüjümçi möwsümiň birinji ýarymyny Abdyşatanyň düzüminde geçirip, dört gezek tapawutlandy.
Yzda galan 16 tapgyrdan soň Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda 43 utukly Abdyşata birinji orny eýeleýär. Ikinji orundaky Dordoýyň 38, üçünjilikdäki Muras Ýunaýtediň 30, dördünji orundaky Alaýyň bolsa 27 utugy bar.
Alaý indiki tapgyrda 12-nji awgust güni Oşmu-Aldiýeri kabul eder. Abdyşata bolsa 13-nji awgustda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň saýlama duşuşygyna gatnaşýandygy üçin 17-nji tapgyryň duşuşygyny başga günde geçirer.