Süle fasolunyň peýdalary…

Süle fasolunyň peýdalary…

Süle, ýokary hili belokdyr. Günde 1-2 porsiýa süle önümi saglygyňyz üçin peýdalydyr. Süle fasoly, ýürek-damar keselleri, ysmaz, koroner ýürek keseli we käbir rak keselleri ýaly birnäçe saglyk howpuny azaltmagyň ýany bilen, süňküň berkligi üçin peýdalydyr.

Süýji keselinden goraýar

Gowy süýmli we belokly bolan süle, semremek taýdan peýdaly we düzümindäki ýokary ýag mukdaryna garamazdan holesterinsiz bolandygy üçin süýji keseliniň öňüni alýar.

Süle fasolyny iýmek, süýji keseliniň öňüni almagyň we ony bejermegiň ýollaryndan biridir. Käbir ylmy barlaglara görä süle fasoly bedendäki insulin reseptorlaryny artdyrma ukybyna eýedir.

Süýji keseliniň ýüze çykmagynyň öňüni alyp biler ýa-da süýji keseliňiz bar bolsa, hassalygyň bejergisi taýdan size goldaw berer. Aýratynam süle fasolundaky uglewodyň mukdary iňňän pesdir.

Süle fasoly ganazlyk üçin peýdalydyr

Demir we mis, süle fasolunda ýokary mukdarda bolan iki esasy mineraldyr. İki mineral hem gyzyl gan öýjükleriniň öndürilmegi üçin iňňän möhüm ähmiýete eýedir.

Ýürek we damar kesellerinden goraýar

Süle fasoly bilen berhiz tutmak, ysmaz we koroner ýürek keselinden gorar.

Süle fasolunyň ýürek hassalygynyň bilinýän howp faktorlary bolan jemi holestrerini we erbet holesterini aşakladýandygy anyklanandyr.

Gan basyşyny peselder

Gan damarlaryny ýumşadýar.

Süle fasoly we menopoz

Düzümindäki maddalar sebäpli süle fasolunyň menopoz semptomlaryny azaldýandygy çaklanylýar.

Rak keseliniň bejergisinde peýdalanylýar

Düzümindäki antioksidentler bilen erkin radikallari täsirsiz ýagdaýa getirýän azyk, rak keseliniň başlaýyş depginini gowşadar we rak keseliniň bejergisi üçin peýdalydyr.

Ýokary göwüs ragy howpy bolanlar ýa-da göwüs ragyny başdan geçirenler ýokary mukdarda işlenen süle witaminlerini ulanmasynlar.

Ukynyň hilini artdyrýar

Metabolizmany kadalaşdyryp, ukyny kadalaşdyrýandygy bilinýän süle fasoly, düzümindäki magniý ukynyň hilini ýokarlandyrýar we gowy dynç almagy üpjün edýar.

Süle fasoly, ukyňyzyň hilini we möhletini artdyrýar.

Şeýle geçirilen barlaglara görä süle fasoly menapozdan soň zenanlaryň ýokary hili uklamagyny üpjün edýän estrogen ýaly elementler hem bar.

Siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar

Süle fasolynyň düzüminde berhiz süými ýokary mukdarda bardyr. Berhiz süými, bütin bedeniň işleýişi üçin möhümdir we siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegini ýola goýýar. Düzümindäki süýmler arkaly siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýan azyk, gubuzlyk üçin hem tebigy derman aýaratynlygyna eýedir. Siňdiriş ulgamyny kadalaşdyryp, içege sindromyny aýyrýar we bedeniň deňagramlygyny gorap saklaýar.

Ýygyrtlanmanyň öňüni alýar

Deridäki tegmillerden, ýygyrtlara çenli ençeme deri näsazlygynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr we sile fasolunyň ýagy derä çalynanda tegmilleriň hem-de ýygyrtlaryň öňüni alýar.

Süle fasolunyň deri üçin peýdasy esasanda zenanlaryň ünsüni çekýär. Deri tegmillerinden ýygyrtlara çenli ençeme deri näsazlygynyň aýrylmagyny üpjün eder.

Berk süňkler üçin süle fasoly

Süle fasolunyň düzüminde ýokary mukdarda mineral we witamin bardyr. Süle fasolundaky güýçli sink, selen, mis, magniý we kaliý elementleri, süňküň has güýçli we berk bolmagyny üpjün edýär.

Süläniň düzümindäki ähli elementler, täze süňkleriň ösüşini ýola goýup, bar bolanlary güýçlendirýär. Şonuň bilen bilelikde süňklerimiziň berk bolmagy we haýsydyr bir hassalykdan goranmagy üçin süle fasoluny gündelik berhiziňiň düzümine goşmak maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Dok tutýan azyklar…
Jennet hurmasynyň (Trabzon) peýdalary…
Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…
Bamiýanyň tohumynyň peýdalary…
Ýöremegiň saglygymyza peýdalary
Deňiz suwy näme üçin duzly?