Gazet-žurnallaryň güýmenje sahypalarynda yzygiderli berilýän sudoku ýaponlaryň meşhur paýhas oýunlarynyň biridir.Krossworddan tapawutlylykda sudokuny çözmek üçin haýsydyr bir dili bilmek hökman däl.Bu tapmaçanyň dili dünýäniň ähli halklaryna düşnükli bolan matematika dilidir.
Bu oýnuň çylşyrymlylyk we kynlyk babatda birnäçe derejeleri bolýar.Mysal üçin, 9×9 gözenekli sudokuda her sütüni, her setiri we 3×3 gözenegi 1-9 aralykdaky sanlar bilen doldurmaly.
Oýnuň başynda 9×9 gözenekdäki käbir öýjükler doldurylan ýagdaýda hödürlenýär.Oýnuň maksady dogry pikirleniş ukybyňy ulanyp, boş öýjükleri doldurmakdan ybaratdyr.Sudoku oýny hiç hili hasaplamalary ýa-da aýratyn matematiki zehini talap etmeýär.
Bu oýun dogry pikirlenmegi we ünsüňi jemlemegi talap edýär.
Eger-de:
islendik setirde 1-9 aralykdaky sanlar ikinji gezek gaýtalanan bolsa;
islendik sütünde 1-9 aralykdaky sanlar ikinji gezek gaýtalanan bolsa;
islendik 3×3 gözenekde 1-9 aralykdaky sanlar ikinji gezek gaýtalanan bolsa, onda göçümiňiz ýalnyşdyr.
Sudoku oýnunda şulara üns bermeli:
Ilki bilen 5 ýa-da ondan köp sandan ybarat 3×3 gözenegiň setirlerine we sütünlerine serediň! Galan boş öýjükleri doldurmak üçin, öň ulanylmadyk sanlary ulanyň! Käbir ýagdaýlarda bolsa, bu sanlaryň setirinde, sütüninde we 3×3 gözeneginde öňden bar bolan beýleki sanlary göz öňе tutanyňyzda, diňe bir ýerde ýerleşdirip bolýan sanlaryň bardygyna göz ýetirersiňiz.
Gözenegi 3 sütüne we setire böleniňizde, sütünde we setirde 3 sany 3×3 gözenegi emele geler. Indi bolsa, 2 sany meňzeş sanlaryň bar bolan sütünlere we gözeneklere seredeliň. Galdyrylan sanyň galan her bir 9 sany bolup biljek ýerini gözläň we bu sany haýsy öýjüge goýmalydygyny tapyň!
Tapmaçany çözmäge iň aňsat ýerinden başlasaňyz, has gyzykly bolar.
Aýmyrat Hudaýberdiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.