Özygtyýarlylyk geňeşiniň beýan etmegine görä Malik Agar Türkiýäniň Hartumdaky Ilçisi Fatih Ýyldyzy Port Sudandaky ofisinde kabyl etdi.
Agar duşuşykda uruş döwründe Sudanyň halkyna beren goldawlary hem-de kömekleri üçin türk hökümetine we halkyna sagbolsun aýtdy.
Türkiýäniň ynsanperwer kömekleriniň başda durmagynda ähli ugurlarda Sudana beren goldawyna kanagatlanma bildiren Agar, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine hyzmat edýän gatnaşyklary güýçlendirmek we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini beýan etdi.
Ilçi Ýyldyz bolsa Agar bilen Sudandaky umumy ýagdaý we Türkiýäniň Sdanyň halkyna uruş sebäpli başdan geçirýän agyr şertleri ýeňilleşdirmek üçin beriljek kömekler hakynda pikir alyşandygyny beýan etdi.
Türkiýäniň Sudan bilen oba hojalygy we magdançylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini nygtan Ýyldyz, ýakyn gelejekde-de medeni hem-de söwda gatnaşyklaryň höweslendirilmegi we ösdürilmegi üçin işlejekdigini aýtdy.
Ýyldyz Türkiýänin Sudanyň halkyna we hökümetine berilýän kömekleriň artdyrylmagyna goldaw bermek ugrundaky tagallasyny dowam eetdirjekdigini nygtady.
Ilçi Ýyldyz uruş, sil we ýokanç kesellerden zyýan çekenler üçin çadyr, azyk we derman ýaly ýükleri alyp giden türk gämisiniň golaýda Sudana ugrajakdygyna üns çekdi.