BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Wolker Türk, 4 gün dowam eden Sudana saparyndan soň paýtagt Hartumda geçiren metbugat ýygnagynda Sudanyň howply günleri başdan geçirýandigini beýan etdi.
Ýurduň ilatynyň 1/3 böleginiň ynsanperwe kömege zerurlyk duýýandygyny aýdan Türk; “7 million azyk howpy sebäpli açlyga sezewar. Sudanyň günbataryndaky Darfurda dürli tire-taýpalaryň arasynda 11 çaknyşygyň netijesinde 211,00 adam başga ýerlere göçmeli boldy. Mawy Nil zolagynda 400 adam, Günorta Kurdufan welaýatynda-da 150 adam ýogaldy” diýdi.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Sudandaky şertleriň agyrlaşýandygyny, asuda ilatyň gyssagly goralmalydygyny, howpsuzlygy we parahatçylygy ýola goýmak üçin milli maksatnamanyň düzülmelidigini nygtady.