Sudandaky güýçli sil joşmalary öň raýatlyk urşy sebäpli öýlerini terk eden adamlary beýleki etraplarda gaçybatalga gözlemäge mejbur etdi. Bu onsuzam ýagdaýy agyr bolan ilat üçin kynçylyklary döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Sudanda soňky iki hepdede 11 müňden gowrak adam, bosgunlary we ýerli ýaşaýjylary goşmak bilen, sil joşgunlarydyr çabga ýagynlaryndan gaçmaga mejbur boldy.
Öň bu ýurtdaky harby gapma-garşylyklar sebäpli, däneli ekinleriň hasyly 40 göterim pese gaçdy. Geçen aprelde BMG-niň Azyk maksatnamasynyň wekilleri halkara jemgyýetçiligi Sudana giň möçberli oba hojalyk kömegini bermäge çagyrdylar.
Sudanda raýatlyk urşy ýylynda 18 milliona golaý adam açlyk we azyk önümleriniň gytlygy bilen ýüzbe-ýüz galdy. Hünärmenler öň azyk howpsuzlygynyň has-da ýitileşjekdigini duýdurdylar. Gapma-garşylyklaryň dartgynly ýerleri bolan Darfur sebitinde, Kordofan we Hartum ülkelerinde ýagdaý gaty agyr. Häzirki sil joşgunlary bolsa, ilaty has kyn şertlere eltdi diýip, ru.euronews.com ýazýar.