Sudandaky Çaknyşyklar Sebäpli Türk Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmek Işleri Dowam Edýär

Sudandaky Çaknyşyklar Sebäpli Türk Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmek Işleri Dowam Edýär

Sudanda 15-nji aprelden bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli ýurtdaky türk raýatlarynyň ewakuasiýa işleri dowam edýär.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, paýtagt Hartumyň günorta gündogarynda ýerleşýän Wad Medeni şäherinden günorta wagty ilki 3 awtobus bilen 140 adamlyk topar ýola çykdy.

Paýtagt Hartumda bolsa Afrika köçesinde ýerleşýän myhmanhanada bir ýere jemlenşen 500 türk raýaty, agşamara 10 awtobus bilen Türkiýä tarap ugrady.

Türk raýatlary gara ýoly bilen ilki Efiopianyň paýtagty Addis Ababa geler we ol ýerden howa ýoly arkaly Stambula geler.

Sudandan Türkiýä geljek toparyň arasynda Azerbaýjan, Ýaponiýa, Hytaý, Meksika we Ýemen ýaly birnäçe ýurduň raýatlary hem bar.

Prezident R. T. Erdogan 20-njy aprelde Sudanly ýolbaşçylar bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem 22-nji aprelde Sudanyň Daşary işler ministri Ali As Sadyk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Birnäçä ýurt raýatlarynyň Sudandan çykarylmagy üçin Türkiýeden kömek sorapdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
ÝUNESKO Sudanyň muzeýleriniň talanma ähtimallygyna “çuňňur alada bildirýär”
Harris we Tramp Prezidentlik Debatynda duşuşdy
Sudanda Holera Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artýar
Eýranyň Prezidentini Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Yraga Guraýar
Türkiýäniň Sudana Ynsanperwer Kömegi Dowam Edýär