Sudanda Her 2 Sagatda 1 Çaga Açlykdan Ölýär

Sudanda Her 2 Sagatda 1 Çaga Açlykdan Ölýär

Serhetsiz lukmanlar guramasy ýurduň günbataryndaky Demirgazyk Darfur welaýatynyň Faşir şäherinde her 2 sagatda bir çaganyň açlyk sebäpli ölýändigini beýan edip, halkara jemgyýetçiligine “gyssaglyk mobilizlenme” boýunça çagyryş etdi.

Guramanyň çap eden habarnamasynda Faşir şäheribdäki Zemzem bosgun düşelgesinde geçirilen saglyk barlagynyň netijelerine görä düşelgedäki çagalaryň 4-den bir böleginiň ýeterlik iýmitlenmezlik, 7 göteriminiň güýçli azyk ýetmezçiligi sebäpli iýmitlenmezlik howpuny başdan geçirýandigi beýan edildi.

Guramanyň Sudandaky Gyssagly çäre görüş işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Klair Nikolet Zemzem düşelgesindäki ýagadyň betbagtçylyk derejesine ýetendigine ünsi çekip; “Düşelgede her 2 sagatda 1 çaganyň ýetrlik iýmitlenmezlik sebäpli ölýändigini çaklaýarys” diýdi.

Günde 13 çaganyň ölýändigini beýan eden Nikolet; “Agyr derejede ýeterlik iýmitlenmeýän çagalar, bejergi alman halatynda 3-6 hepdäniň aralygynda ölüm howpuny başdan geçirýär” diýdi.

Düşelgede adam pidasyny azaltmak üçin çäre görýändiklerini, emma onuň ýeterlik däldigini beýan eden Serhetsiz lukmanlar guramasy, ýagdaýyň durnukly agyrlaşmagy sebäpli kömege mätäçlik duýýandyklaryny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Sudanyň Özygtyýarlylyk Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Agar Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
Save the Children: 2023-nji ýylda 10 million çaga ýaşaýan ýerini terk etdi
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary
“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Ibrahim Kalyn Erbilde Saparda Boldy