Özygtyýarlylyk geňeşinden berilen beýanata görä Kebbaşi, Türkiyäniň Hartum şäherindäki ilçisi Fatih Ýyldyzy Port-Sudan şäherindäki ofisinde kabul etdi.
Kebbaşi Türkiyäniň hökümetine uruş döwründe Sudanyň halkyna beren goldawy we kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Sudanyň hökümediniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek isleýändigini aýdan Kebbaşi, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjek görnüşde ähli ugurlarda umumy hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde tutanýerlidiklerini habar berdi.
Kebbaşi, Türkiyäniň ynsanperwer ugur başda bolmak bilen sebitleýin we halkara platformalarda ýurduny goldaýan çemeleşmesi barada öwgüli sözler aýtdy.
Ilçi Ýyldyz bolsa Türkiyäniň Sudanyň halkyna başdan geçirýän kynçylyklarynda goldaw we kömek bermäge dowam etjekdigini beýan etdi.