Subaru XV krossoweriniň täze neslini görkezdi

Subaru XV krossoweriniň täze neslini görkezdi

Subaru kompaniýasy krossower XV-iň täze neslini görkezdi. Ýaponlar ulagyň adyny üýtgedip, Crosstrek diýip atlandyrmagy makul tapdylar.

Ýaponiýada awtoulagyň üçünji nesli indiki ýyl müşderilere ýetiriler, täze ulagyň bahasy heniz belli däl.Awtoulag SGP-niň (Subaru Global Platform) döwrebaplaşdyrylan platformasynda guruldy.Krossower swetodiod optikasyna, üçegi reýlinglere, radiatory täze gözenege we beýleki bamperlere eýe boldy. Şeýle-de, ulag puržinleriniň we amortizatorlarynyň häsiýetnamalary gowulandyrylan döwrebap podweska bilen üpjün edildi.

Crosstrek-iň klirensi — 200 mm.Ulagyň salonynda priborlaryň täze paneli we 11,6 dýum diagonally media ulgamyň kese displeýi gurnaldy.Ulag üçin howpsuzlygyň EyeSight Safety Plus şereket bukjasy teklip edilýär.

Oňa şular girýär: awtomatik tormoz ulgamy, adaptiw kruiz-kontrol we akseleratory heläkçiligiň öňýany dolandyryş ulgamy.Mundan hem başga, Subaru XV-iň enjamlarynyň hatarynda kör zolaklaryň monitoringiniň funksiýasy, hereket zolagynda saklamaga ýardam berýän ulgam we sürüjiniň ýadawlygyna baha berýän ulgam bar.

Krossoweri gibrid güýç gurluşy herekete getirýär. Onuň düzümine: 2,0 litrlik benzin motory, wariator we elektrohereketlendiriji girýär. Priwody — diňe doly. Subaru Crosstrek-iň dinamiki häsiýetnamasy heniz belli däl.

Ýene degişli makalalar

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi
2020- -nji ýylyň modelleri taýýar
Krossuň taryhy çempionlygy
Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk
Ýeňijiler mälim edildi