
Braziliýanyň Gremio futbol kluby Urugwaýyň milli ýygyndysynyň 35 ýaşly hüjümçisi Luis Suares bilen şertnama baglaşylandygyny mälim etdi. Taraplar 2024-nji ýylyň tomsuna çenli güýji bolan şertnama gol çekişdiler.
Suares Gremio Nasionaldan erkin oýunçy hökmünde geçdi. Ol 2022-nji ýylyň ikinji ýarymyny Urugwaýyň toparynda geçiripdi.
Suares bilen Angliýanyň Aston Willa, ABŞ-nyň Inter Maýami toparlary hem gyzyklanypdy.