HABAR – SELJERME
Geçen 2020-nji ýyl diýseň galagoply ýagdaýda geçdi, ýatdan çykmajak wakalara baý ýyl boldy.Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar tutuş Ýer şaryna özüniň oňaýsyz täsirini ýetirdi. Ähli ugurlarda bökdençlikler ýüze çykdy.
Adaty bolmaly zatlaryň wagty üýtgedildi.Pandemiýanyň özüniň oňaýsyz täsirinde, kölegesinde galan ulgamlaryň biri-de sungat älemidir.Sungat äleminiň esasy ugurlarynyň biri bolan kino sungatyna-da pandemiýanyň oňaýsyz atmosferasyndan gaçmak başartmady.
Birnäçe kinolaryň surata düşürilişi soňa goýuldy, käbirleri surata alnyş işlerini wagtlaýynça togtatmaly boldy.Surata düşürilenleriň köpüsiniň görkeziljek wagty birnäçe gezek soňa süýşürildi.Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan kinolarynyň aglabasynyň görkeziljek wagty 2021-nji ýyla geçirildi.
Elbetde ähli oňaýsyzlyklara garamazdan, ähli töwekgelçiliklere döz gelip, kinoteatrlarda görkezilen filmler hem bar.Käbirleri-de mejbury ýagdaýda wideo platformalarynda (Netflix, Disney+…) görkezildi.
“Warner Bros.” kompaniýasynyň 2020-nji ýyldan galyp, 2021-nji ýyla goýlan filmleriň we başga-da birnäçe kinonyň kinoteatrlar bilen bir wagtda, wideo-platformasy “HBO Max”-da ýaýlyma beriljekdigini habar bermegi hakyky kino muşdaklaryny juda gynandyrdy. Pandemiýadan uzakda bolmak isleýänleri-de elbetde, begendirmän durmady.
Eýsem, gaty küýsän kinoteatrlarymyza dolanarys diýip umyt edýän şu ýylymyzda haýsy filmlere tomaşa ederis. 2020-nji ýyldan galan kinolar ýa-da 2021-nji ýylyň täze filmleri, garaz şu ýylyň kino dünýäsi üçin özboluşly, täsin geçjekdigi welin ikuçsuzdyr. Ine şu ýyl görkezilmegine garaşylýan iň esasy filmleriň onlugy.
“Malcolm & Marie”
“Euphoria” serialyny esaslandyran Sem Lewinsonyň karantina döwründe gol gowşuryp oturman, 15 günde surata düşüren täsin kinosy. Filmde baş keşpleri ýaş aýdymçy hem aktrisa Zendaýa bilen aktýor Jon Dewid Waşington (Oskarly aktýor Denzel Waşington) janlandyrýar. “Netflix”-iň önümi bolan kinodaky wakalar bir gijede bolup geçýär.
“Mission Impossible 7”
Soňky bölümi 2011-nji ýylda ekranlara çykan “Mission Impossible” (“Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk”) filmleriniň 7-nji kinosy şu ýylyň garaşylýan eserleriniň biridir. Şowly çykan 5-nji (MI: Rogue Nation) we 6-njy (MI: Fallout) kinolardan soň, 7-nji bölüm köpleri içgin gyzyklandyrýar.
Häzirki wagtda her hepde-de diýen ýaly filmi surata alnyş işlerinde bir waka ýüze çykýar.Filmiň baş keşbini ýene-de Tom Kruz janlandyrýar.Oňa ýoldaşlyk edýän artistler welin görenleriň gözüni gamaşdyrýar: Rebekka Ferguson, Saýmon Pegg, Wing Rames, Wanesse Kirbi, Haýleý Atwell, Esai Morales.
Filme 5-nji kinodan soň goşulan Kristofer MakKuarri režissýorlyk edýär.
“Nightmare Alley”
Soňky filmi “The Shape of Water” (“Suwuň şekili”) bilen iň gowy režissýor ugry boýunça Oskar baýragyny gazanan meksikaly Gillermo del Toronyň täze kinosy-da köpleri gyzyklandyrýar.Geçen ýylda mälim edilen Nightmare Alley filminiň kastingi eýýämden kinosöýüjilerini tolgundyrýar.
Bredli Kuper, Keýt Blanşett, Runi Mara, Willem Dafo, Toni Kollett ýaly meşhur artistleriň surata düşjek filmi William Lindseý Greşamyň romany esasynda bolup, ol 1947-nji ýylda ekranlaşdyrylan kinonyň rimeýkidir.
“No Time To Die”
Kino sungatynyň belli şahsyýetlerinden Jeýms Bond 25-nji gezek erkanlara dolanýar.Geçen ýylda görkeziljek wagty telim sapar soňa süýşürilen filme “Eyre” (2011), “Beasts of No Nation” (2015) kinolary hem-de “True Detective” we “Maniac” seriallary bilen adygan Kari Fukunaga režissýorlyk etdi.
Filmde işini taşlap, wagtyny Ýamaýkada dynç alyşda geçirýän Jeýms Bonduň täzeden ýene-de hereketli günlerine dolanmagy barada gürrüň berilýär.Daniel Kreýgiň soňky gezek Jeýms Bonduň keşbinde çykyş eden filminde Lea Seýdu, Kristofer Waltz, Rami Malek, Laşan Linç ýaly belli artistler surata düşdi. “Jeýms Bond” muşdaklarynyň arzuwy filmiň görkeziljek wagtynyň indi bir soňa süýşürilmezligi ýa-da wideo platformasyna görkezilmezligi.
“Soggy Bottom”
Režissýorlyk eden özboluşly kinolary bilen tanalýan Pol Tomas Andersonyň filmi hem 2021-nji ýylyň kinolarynyň hatarynda.Az bolsun, ýöne uz bolsun diýen ýörelgä eýerip, köp kino surata düşürmeýän meşhur režissýor täze taslamasynda bizi 1970-nji ýyllaryň Los Anjelesine alyp gidýär.
Režissýoryň halaýan mekanlarynyň biri bolan Soggy Bottom-yň adyny göterýän filmde orta mekdep okuwçysy barada gürrüň berilýär. Şol okuwçynyň keşbini-de režissýoryň söýgüli aktýorlaryndan merhum Filip Seýmur Hoffmanyň ogly Kuper Hoffman janlandyrýar. Şeýle-de Bredli Kuper, Alana Haim, Benndi Safdi ýaly artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýär.
“Space Jam: A New Legacy”
Hemmä mälim bolan ilkinji kinoda NBA-nyň rowaýaty basketbolçysy Maýkl Jordon we Looney Tunes gahrymany surata düşüpdi. 25 ýyldan soň şol filmiň dowamy bolan täze ekran eserinde basketbolyň başga bir ägirdi LeBron Jeýms surata düşer. “Live-action” görnüşde surata düşürilen filmde LeBron Jeýmsiň ýoldaşlary Bugs Bunny, Daffy Duck we Looney Tunes bolar.
Malkolm D.Liniň režissýorlyk edýän filminiň ssenariçileriniň biri “Fruitvale Station”, “Creed”, “Black Panther” ýaly ilhalar filmleriň ssenariçisi Raýan Kuglerdir.
“The French Dispatch”
Baş keşplerinde Benesio Del Toro (oskarly), Tilda Swinton (oskarly), Bill Mýurreý, Franses MakDorman (oskarly), Sirşa Ronan, Lea Seýdu, Timoti Şalame, Adrien Brodi (oskarly), Owen Wilson, Willem Dafo hem-de Elizabet Moss dagyny bir ýere jemleýän filme nähili garaýarsyňyz? Üstesine-de režissýory Wes Anderson bolsa. 7-nji sungatyň janköýerleri ady agzalanlary okap eýýämden tolgunyp başlan bolsa gerek.
Film Fransiýanyň hyýaly şäherinde ýaşaýan amerikaly žurnalistlere ýazylan söýgi haty hökmünde görülýär.Wakalar 1925-1975-nji ýyllar aralygynda žurnallaryň birinde bolup geçen wakalara esaslanýar.Kann film festiwalynda-da görkeziljek kinonyň käbir sahnalary ak-gara reňkde.
“The Matrix 4”
Häzirki zaman kult eserine öwrülen “Matrisa” (The Matrix) filmler toplumynyň hataryna ýene biri goşulýar.Ençeme ýyldan soň ekranlaşdyryljak 4-nji kino hem “Matrisa” we ylmy-fantastik žanryň muşdaklaryny eýýämden tolgundyrýar.
Dogany Lilli bilen bilelikde ilkinji 3 filme režissýorlyk eden Lana Waçowskiniň bu gezek “Matrisa 4-i” ýeke özi surata düşürdi.Filmiň surata düşüriliş işleri ýaňy-ýakynda Berlinde tamamlandy.
Häzirki wagtda post-production işleri ýokary depginde dowam edýän kinonyň ähli zatlar ýerbe-ýer bolanda 21-nji dekabrda prokata girmegine garaşylýar.Filmiň haýsy temada boljakdygy ullakan syr hökmünde ýaşyrylýar.
Filmde Keanu Riwes bilen Kerri-Enn Moss ýene-de degişlilikde Neo we Trinitiniň keşbini janlandyrýar.Olaryň hataryna Ýahýa Abdul-Matin II, Neil Patrik Harris, Jada Pinkett Smit, Jessika Henwik, Jonatan Groff hem-de hindi aktrisasy Priýanka Çopra dagy goşuldy.
“Dune”
Frank Herbertiň nusgawylaşan ylmy-fantastik romany “Dune” ýyllar öň ussat režissýor Dewid Linç tarapyndan ekranlaşdyrylypdy.Köp wagtdan bäri-de birnäçe režissýor şol filmi täzeden surata düşürmek üçin nobata durupdy.
Ahyrynda bu taslamany amala aşyrmak soňky gezek “Blade Runner: 2049” filmini surata düşüren kanadaly režissýor Denis Wilnýowa miýesser etdi. Çöl planetasynyň hekaýasy baradaky filmiň artistleri toplumy welin hemmäni özüne maýyl edýär.
Filmde Timoti Şalame, Rebekka Ferguson, Zendaýa, Jeýson Momoa, Oskar Aýzaak, Hawier Bardem hem-de Joş Brolin ýaly kino sungatynyň ägirtleri surata düşdi.Geçen ýyl görkeziljek wagty telim gezek üýtgedilen kinony şu ýylyň 1-nji oktýabrynda prokatlara goýbermek meýilleşdirilýär.
“Gucci”
Taryhdaky uly jenaýatlaryň biri bolan moda ikony Maurizio Guççiniň ölümi baradaky bu filme ady rowaýata öwrülen ussat Ridleý Skott režissýorlyk edýär.Guççiniň öldürilmegi barada gürrüň berjek kinoda baş keşbi “Ýyldyz dogýar” (A Star Is Born) filmi bilen Oskara dalaşgär görkezilen Leýdi Gaga ýerine ýetirýär.
Meşhur aýdymça Al Paçino, Jeremi Aýron, Adam Draýwer, Jeýred Leto, Jek Hýuston hem-de Riw Karni ýaly tanymal artistler ýoldaşlyk edýär.Leýdi Gaga filmde Marurizio Guççini öldürmekde aýyplanyp, ep-esli tussaglykda bolan Guççiniň ozalky ýanýoldaşy Patrizia Rejjianiniň keşbini janlandyrýar.
Eýýämden uly gowur turuzan film temasy hem-de kastingindäki artistler bilen 2021-nji ýylyň iň köp gürrüňi ediljek kinolarynyň biri bolar.
Elbetde, 2021-nji ýylda diňe ýokarda ady agzalan şu filmlere tomaşa etmeris. Ýene-de onlarça hatda ýüzlerçe iri taslama nobata dur. Prokata goýberiljek wagtyna garaşýar. Ýylyň dowamynda 200-300 töweregi, belki-de has köp film kinoteatrlarda ýa-da wideo platformalarynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.
The post Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi appeared first on Zaman Türkmenistan.