
2024-nji ýylyň geçen bäş aýynda türkmen türgenlerleri halkara ýaryşlaryň 238 medalyna eýe boldular. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatda aýdyldy.
Hasabatda aýdylyşy ýaly, türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 80-sine gatnaşyp, 79 altyn, 64 kümüş, 95 bürünç medal gazandylar. Hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň halkara sport abraýyny täze derejä göterdi.
Halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.