Şu ýyl Nobeliň edebiýat baýragyny kim alar?

2022-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi 6-njy oktýabrda mälim ediler.Bukmeýkerleriň pikiriçe fransuz ýazyjysy Mişel Welbek bu baýraga esasy dalaşgärdir.Bu barada Nicerodds web saýtynda habar berilýär.

Welbekiň ýeňiş gazanmak ähtimallygy uly bolup, iň öňdäki orny eýeleýär.Şunuň ýaly sanawlarda uzak wagtlap öňdäki orunlary alyp gelýän 84 ýaşly keniýaly ýazyjy Ngugi Wa Thiongo ikinji orny we 21-nji sentýabrda 75 ýaşyny bellän dünýä belli elhençlikleriň ägirdi Stiwen King üçünji orny eýeleýär.

Neşirýatçylaryň pikiriçe, bu baýraga dalaş edýänleriň arasynda ýaponiýaly ýazyjysy Haruki Murakami, kanadaly ýazyjy Margaret Etwud we beýlekiler bar.Ilkinji topara girenleriň arasynda Mişel Welbek, Ngugi Wa Thiongo, Stiwen King, Anni Erno, Gariel Luts, Pýer Mişon, Robert Kuwer, Haruki Murakami, Enn Karson, Elen Sigsu, Jamaýka Kinkeýd, Ýun Fosse, Lýudmila Uliskaýa, Margaret Etwud, Mariz Konde, Mirça Kerteresku, Peter Nadaş, Ryşard Kryniskiý we Don Delillo bar.Geçen ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyna tanzaniýaly ýazyjy Abdulrazak Gurna mynasyp boldy.

Gurna bu baýraga medeniýetleriň we yklymlaryň arasyndaky tapawutda bosgunlaryň ykbalyna rehimli dünýägaraýşy üçin eýe boldy.Geňeş ýazyjynyň romanlarynyň Gündogar Afrikanyň baý medeniýeti barada giň düşünje berýändigini belledi. 1948-nji ýylda Zanzibarda arap asylly musulman maşgalasynda dünýä inen Gurna 1968-nji ýylda Beýik Britaniýa göçüp, okuwyny dowam etdirýär.

Ol Kent uniwersitetiniň iňlis dili kafedrasynyň professory bolup, Afrika edebiýaty barada iki jiltlik eserler ýygyndysynyň jogapkär redaktorydyr.

Ýene degişli makalalar

Murakami ýene-de öňde
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy
“Söýgi we kepderiler” gaýtadan prokata goýberiler
Puşkiniň dirikä çap edilen eserleriniň ýygyndysy satuwa çykarylar
A.Badak: Iki halkyň edebi gatnaşyklary berkeýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda