Şu ýyl Körpejede 11 guýy abatlanyldy

Şu ýyl Körpejede 11 guýy abatlanyldy

Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazçykaryş trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginde hereket edýän pes temperaturaly saýlaýjy desgada gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metre barabar gaz taýýar edilýär.Keýmir gazlift kompressor stansiýasynda bolsa nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gaz ýygnalyp, gije-gündizde ýokary basyşa çykarylýan 3 million kub metre barabar gaz göteriş usulynda önüm berýän nebitli guýulara gönükdirilýär ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjy çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlik Türkmennebit döwlet konserniniň düzüminde 1998-nji ýylda işe girizilen gününden bäri netijeli işläp gelýär.

Demirgazykdan günorta 160 kilometre, gündogardan günbatara bolsa 30 kilometre golaý meýdany eýeleýän hazynalar ýataklarynda iş alyp barýan müdirlikde häzirki wagtda dürli kärlerde öndürijilikli zähmet çekýän gazçylaryň sany 750-den geçýär.

Müdirligiň gaz çykaryş, gaz taýýarlaýyş, daşaýyş, gazy gysyjy elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi we abatlaýyş, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş, prokat abatlaýyş, gaz ölçeýji beket, kommunal hyzmat ediş, suw arassalaýjy desga ýaly bölümlerinde we bölümçelerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, ylmyňdyr tehnikanyň iň soňky gazananlary bolan kämil enjamlar, takyk kompýuter ulgamlary giňden peýdalanylýar.

Munuň özi müdirlige sebitleýin senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik berýär.

— Kärhanamyzda döwrüň talabyna laýyk zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar.Müdirligimiz boýunça Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalaryndan gazy ýygnamakda, taýýarlamakda we sarp edijilere ugratmakda barlag-ölçeg abzallary, awtomatika we elektroenergetika ulgamy netijeli işledilýär. Önüm berýän guýularymyzyň 40-dan gowragy Körpeje, 26-sy Çekişler, 5-si bolsa Altyguýy ýataklarynda hereket edýär. Şu ýylyň başyndan bäri olaryň 11-sinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdik.

Bu bolsa ýer astyndan alynýan mawy ýangyjyň möçberini artdyrmagymyza uly täsirini ýetirdi.Hereket edýän guýularymyzdan alynýan gazlar arassalanylyp, doly taýýarlanylandan soňra, Türkmennebit döwlet konserniniň Gamyşlyjanebit we Keýmir nebit-gaz çykaryş müdirliklerine, Türkmengaz döwlet konserniniň Balkanabatdaky Günbatargazakdyryş kärhanasyna akdyrylýar.

Hünärmenlerimiz müdirligimiz boýunça şu ýylda jemi 1,7 milliard tebigy gaz almak baradaky meýilnamamyzy iki essä golaý artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrýarlar — diýip, müdirligiň başlygy Baýramgylyç Gurbanow neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna täze tabşyryklary berdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki eden çykyşy