Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 8-nji ýaryşy Polşada geçirildi. 326,64 kilometrlik ýaryşy 2 sagat 40 minut 46,1 sekuntda tamamlan “Hyundai” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill 1-nji ýeri eýeledi.
Bu onuň şu möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 5-nji ýeňşidir.Noýwillden 1 minut 23,9 sekunt soň pellehana gelen topardaşy Haýden Paddon (Finlýandiýa) 2-nji, “M-Sport” (“Ford”) toparynyň piloty, sanawyň lideri Sebastian Ožie (Fransiýa) 3-nji orna mynasyp boldy.
Tamamlanan 8 bäsleşikden soň, Ožie 160 utuk bilen 1-nji hatarda barýar.Arany kem-kemden ýygyrýan 2-nji basgançakdaky Noýwilliň 149, 3-nji ýerdäki Ýari-Matti Latwalanyň 112 utugy bar.
Möwsümiň 9-njy bäsleşigi 2730-njy iýul aralygynda Finlýandiýada geçiriler.