Şu hepdede Türkmenistanda boljak howa: üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly

Şu hepdede Türkmenistanda boljak howa: üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly

Paýtagtda we ýurduň ähli welaýatlarynda şu hepdede gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň ortaça temperaturasy +26 gradusa çenli bolar diýip, Türkmenistan: Altyn asyr saýty habar berýär.

Aşgabatda az bulutly howanyň bolmagyna, wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +5... +7 gradusdan +11... +13 gradusa çenli, gündizlerine +10... +12 gradusdan +16... +18 gradusa çenli bolar.

Ahal welaýatynda hem az bulutly howanyň bolmagyna, wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +4... +9 gradusdan +9... +14 gradusa çenli, gündizlerine +8... +13 gradusdan +18... +23 gradusa çenli bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +5... +10 gradusdan +10... +15 gradusa çenli, gündizlerine +14... +19 gradus, kenar ýaka etraplarda +11... +16 gradus bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy: gijelerine +3... +8 gradusdan +9... +14 gradusa çenli, gündizlerine +10... +15 gradusdan +21... +26 gradusa çenli bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy: gijelerine +2... +7 gradusdan +8... +13 gradusa çenli, gündizlerine +9... +14 gradusdan +20... +25 gradusa çenli bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar, wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +1... +6 gradusdan +5... +10 gradusa çenli, gündizlerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradusa çenli bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bulutly we ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar
Türkmenistanda aýal bilen erkek adam köpçülik ýerinde gujaklaşyp bilýärmi?
Gökdepe şäherinde tupan zerarly bir adam heläk boldy
Anna we şenbe günleri Türkmenistanda güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar
Türkmen telewideniýesinde tehniki-abatlaýyş işleri geçiriler
Türkmen telewideniýesinde tehniki-abatlaýyş işleri geçiriler