“Şu gün we her gün manežde...”: türkmen sirk sungatynyň taryhyndan

Aşgabat sirkiniň häzirki binasynyň gurlanyna gaty kän wagt geçenok — ol 1985-nji ýylda guruldy, emma türkmen sirkiniň taryhy ýüz ýyldanam aşýar. Baryp ХХ asyryň başynda Türkmenistanda sirk tomaşalary görkezilipdir.

1905-nji ýyldan başlap, Асхабадъ gazetiniň sahypalarynda “dürli ýurtlardan we şäherlerden” sirk artistleriniň çykyşlary barada bildirişler peýda bolýar.Sirk artistleri Merw şaýoly bilen Stawropol köçesiniň (häzirki Magtymguly şaýoly bilen B.

Kerbabaýew köçesiniň) burçunda, häzirki “Parahat” kinokonsert zalynyň (ozalky “Mir” kinoteatrynyň) töwereginde düýpli gurlan binada çykyş edipdirler.Binanyň eýesi Regina Dobržanskaýa bolansoň, ol “Dobržanskaýanyň sirk-teatry” diýlip atlandyrylypdyr.Näme üçin teatr diýildikä?

Sebäbi sirk tomaşalary bilen birlikde Zakaspiý oblastynyň Naçalniginiň resminamalarynda bellenilen “tomaşa jaýynda” sahna oýunlary-da görkezilipdir. 1901-nji ýylda bu ýede ajaýyp rus aktrisasy Wera Fýodorowna Komissaržewskaýa çykyş edipdir.

Aşgabatda şol döwürlerde başga-da “tomaşa jaýlary” — “Modern Sinematograf” we “Ekspress Sinematograf”’, “Çýornaýa magiýa” teatrlary bolsa-da, Dobržanskaýanyň sirki şäheriň iň meşhur dynç alyş merkezi bolupdyr.Sirk eýesiniň şol döwürde tanymal Ssipion Çinizelliniň, Albert Salomonskiniň, doganlat Nikitinleriň attraksionlary we beýleki hususy sirkler eýeleri bilen tanyşlygy netijesinde Aşgabatda çykyş etmäge ady belli artistler, meselem, doganlar Anatoliý we Waldimir Durowlar ýaly masgarabazlar gelipdirler.

Şol döwrüň sirkinde dürli-dürli çykyşlar görkezilipdir. “Şu gün we her gün sirk manežinde çykyş edýärler...” diýip başlanýan bildirişlerde agzalýan — howa gimnastlarynyň, žonglýorlaryň, ekwilibrisrtleriň, darbazlaryň, jadygöýleriň, akrobatlaryň, tilsim öwredilen haýwanlaryň, lilliputlaryň we ş.m. çykyşlarynyň sanawynyň özem aşgabatlylary haýran edipdir. Ýöne sirk arenasynda gurnalan göreş boýunça çempionatlar has şüweleňli bolupdyr.

Bildirişlerde göreşiň: “fransuz, erkin-amerikan, rus-şweýsar, bawariýa, tirol, tatar, kawkaz, sygan, mongol, özbek, hytaý we beýleki” görnüşleri görkezilipdir.

Professional pälwanlaryň tutluşyklarynda diňe bir zal dolman, eýsem bildirişde aýdylyşy ýaly, “gutarnykly netijä çenli möhletsiz göreşe “ tomaşa etmek üçin gelenler geçelgelerem doldurypdyrlar.Her tomaşaçynyň öz halaýan pälwany bolupdyr.

Wilýam Lapiado atly pälwan has meşhur bolupdyr. Şeýle owadan at bilen Aleksandr Wasilýewiç Korolýow çykyş edipdir.Ol Aşgabatda ençeme ýyllap ýaşap, atletrkadan we beden taýdan ösüşden sapak beripdir.

Ol Aleksandr Kupriniň “Hoiwadan-da ýeňil” atly hekaýasynyň prototipi bolup hyzmat edipdir.

Ýerli ýigitlerdir erkek adamlar hem pälwanlaryň göreşine tomaşa etmäge gelipdirler.Diňe bir seretmegem däl, eýsem esasy tutluşyklar tamamlanadan soň bekewül tanymal pälwanlar bilen güýç synamaga höwesekleri arena çagyrypdyr. Ýerli bilegi ýogynlaram hut şoňa garaşýan eken.

Olar telpekdir donuny çykaryp, “fransuz-mongol” göreşiniň daşdan gelen ussatlary bilen tutluşyga giripdirler.Käte şeýle göreşde türkmen pälwanlary doly ýeňiş gazanypdyrlar.Häli-häzire çenli şeýle pälwanlaryň biri—bagyrly Motdyk pälwan barada gürrüňler dilden-dile geçip gelýär.

Türkmenistanyň milli sirk sungaty 1924-nji ýylda kemala gelip başlaýar, onda esasan çapyksuwarlar çykyş edipdirler. Şol döwürde at üstündäki oýunlar mekdebini düzen Alibek Kantemirowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ansambl döredilýär. Şol wagt at üstündäki oýunlar hakyky sirk çykyşy bolmandyr.

Ilkinji gezek ony milli çapyksuwarlyk sungatynyň iň gowy nusgalaryny esas edip alan türkmen artistleri sirke girizipdirler. 1928-nji ýylda M.Tuganowyň ýolbaşçylygynda “Kawkaz daglaryndaky attraksion” atly atlylar ansably döredilýär. 1940-njy ýylda Türkmenistanyň sungatynyň Moskwada geçirilen on günlügine taýýarlygyň barşynda teatryň toparyna ilkinji gezek türkmen gyzlary goşulypdyr.

Aşgabat sirki 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwrü-de işlemegini bes etmändir.Sirkiň işgärleri faşizme garşy wagyz ediji çykyşlary taýýarlapdylar, onda degişmä, ýagty geljege ýeňşe synmaz ynanja ýugrulan sahnajyklar, masgarabazlaryň çykyşlary, beýtler görkezilýärdi. Şol çykyşlar Aşgabatdaky gospitallarda saglygyny dikeldýän esgerleriň göwnüni göterip, söweşjeň ruhuny galkyndyrýardy we şäher ilatynyň, tylda zähmet çekýänlerde ýagşy umytlar oýarýardy. 1942-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda Durowlaryň tanymal sirkçi neberelerinden haýwanlara tilsim öwrediji Ýuriý Durowyň çykyşy üstünlikli geçipdi.

1944-nji ýylda Aşgabat sirkiniň ýanynda “Güneşli Türkmenistanyň ýigitleri” toparyny döreden W. Galkanowyň ýolbaşçylygynda türkmen sirkçi jigitleriniň ansambly döredildi. Ansambl Sowet Soýuzynyň şäherlerinde hemişe şowly çykyş edipdi.

Aşgabat sirkiniň birinji binasy 1948-nji ýylyň ýer titremesinde weýran bolupdyr. Şonda-da ýurtda sirk çykyşlary dowam etdirilipdir.Aşgabada göçme sirkler yzygiderli gelipdi. Ýurduň özünde-de at üstünde oýun etmek tilsimleri kämilleşdirilipdir. 1960-njy ýylyň başynda Türkmen çapyksuwarlarynyň göçme sirk ansamblyna Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hojabaýew ýolbaşçylyk edýär, şol ýylyň ahyrynda bu toparyň binýadynda Türkmenistanyň halk artisti Amandurdy Annaýewiň ýolbaşçylygynda “Annaýewleriň jigitler ansambly” döredilýär. 1982-nji ýylda Batyr Annaýewiň jigitler ansambly döredildi.

Türkmen sirk sungaty şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan artisti N.Goçakowyň dürli tilsimler öwredilen haýwanalar attraksiony bilen-de tanymaldyr.

Ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen jigitleri ussatlygy bilen dünýäniň çar künjeginde tomaşaçylaryň göwnüni awlapdylar. Olar Sowet Soýuzynyň hatarynda bolsa-da, hemişe Türkmenistanyň baýdagy bilen çykyş edipdiler. Köplenç türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyna haýran galandyklaryny aýtmak üçin çykyşlardan soň sahnanyň aňyrsyna tanymal syýasatçylar, dünýä kinosynyň we estradasynyň ýyldyzlary gelýärdiler.

2010-njy ýylda Döwlet sirkiniň durky täzelenen binasynyň dabaraly açylyşy boldy. Gulluklaryň ählisi—sirk arenasynyň, tomaşaçylaryň oturýan ýerleriniň, gümmezasty enjamlaryň, haýwanlar saklanylýan demir gözenekli jaýlaryň we kömekçi binalaryň durky doly täzelenildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň sirk sungaty täzeden kemala gelýär. Muňa türkmen artistleriniň öz arenasyndaky, şeýle hem beýleki ýurtlardaky çykyşlary-da şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
TÜRKMENISTANDA RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglady
Rim Papasy çagalyk arzuwlary bilen paýlaşdy
Rim Papasy çagalyk arzuwlaryny paýlaşdy
Bellator Moskwada Fýodor Ýemelýanenkonyň hoşlaşyk söweşini geçirer