Şu gün Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri täze 2022-2023-nji okuw ýyly üçin ýaşlary talyplyga kabul etmek işlerini tamamlarlar. Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlaýan orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa giriş synaglary şu hepde tamamlanar. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazetinde habar berildi.
Synaglaryň henizem dowam edýän hünärment mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendemirýollary agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi bar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyby okuwa kabul etmek göz öňünde tutulýar.Bu bolsa geçen ýyldakydan 320 talyp köpdür. Şonuň ýaly-da, şu okuw ýylynda ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul ediler.
Bu görkeziji geçen ýyldakydan 380 talybyň köp kabul edilýändigini görkezýär.