Şu gün Türkmenistanda 25 million düýp bag ekilýär

Şu gün Türkmenistanda 25 million düýp bag ekilýär

Şu gün 7-nji noýabrda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasy güýzlük bag ekişliginiň esasy dabaralarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde şu ýylda jemi baky Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahalyny ekmek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurtda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak bilen, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şu geçen ýyllarda ýurduň dürli künjeklerinde, paýtagtyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary döredildi.

Merkezi Garagumdaky Altyn asyr Türkmen kölüniň töwereginde tokaýlyklar emele gelýär. Çöllük ýerler tanalmaz derejede özgerýär, topragyň şorlaşmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak maksady bilen, Aral deňziniň töwereklerinde, Bötendagda, Sarygamyş kölüniň kenarlarynda müňlerçe gektara ýetýän tokaý zolaklary kemala geldi. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda sanlyja ýylda ýetişen ümürsin tokaýlyklary bolsa görmäge göz gerek diýleni!

Türkmen halkynyň dünýäde ykrar edilen milli Lideri, hormatly Prezidentimiz ählumumy ekologiýa abadançylygyny gazanmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly emele gelýän ýaramaz täsirlere garşy göreşmek, tebigata aýawly çemeleşmek bilen bagly başlangyçlary orta atyp, halkara guramalaryň belent münberlerinden yzygiderli çykyş edýär.

Ol başlangyçlar halkara jemgyýetçiligi tarapyndan diňlenilýärem, oňlanylýaram, çünki ol başlangyçlarda geljekki nesiller üçin ählumumy öýümiziň — Ýer togalagynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň ýollary salgy berilýär.

Ýene degişli makalalar

21.03.2020 | Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi
Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele
09.11.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek möwsümine girişmek dabarasyna gatnaşdy
Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr