12-13-nji maýda Türkmenistanyň delegasiýasynyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň delegasiýasynyň Eýrana saparynyň çäginde birnäçe ministrlikde türkmen-eýran hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji maýda daşary işler ministri Reşit Meredowyň bu sapara taýýarlyk baradaky hasabatyny diňläp, ” döwletara gatnaşyklarynyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we konstruktiw häsiýetini” belledi diýip, TDH habar berýär.
Ýatladýarys, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani 2728-nji martda Türkmenistanda resmi saparda boldy.
Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, şonda iki ýurduň liderleri gaz dawasy meselesine galtaşmady.
Bu dawa “Türkmengaz” EMGK-den $1,8 milliard möçberinde gaz bergisini tölemegi talap edeninden soň turdy.Mälim bolşy ýaly, eýran tarapy halkara arbitraž suduna ýüz tutmak haýbatyny atdy.
Emma EMGK-nyň başlygy Hamid Reza Araki 25-nji aprelde maýa çeni türkmen we eýran ekspertleriniň özara nägileleikleri öwrenjekdiklerini we konfliktiň suda ýüz tutmazdan hem çözülip bilinjekdigini aýtdy.
Eýýam 29-njy aprelde bolsa ol TOPH geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli boljakdygyna şübhe bildirdi we türkmen gazyny Pakistana gaz alyşmak arkaly ibermegi teklip etdi.