Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün 20-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iki günlik resmi sapary başlanýar. Özbek Lideriniň Türkmenistana amala aşyrjak nobatdaky sapary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolup, bu sapar özbek metbugatynda hem giňden şöhlelendirilýär.
Turkmenportal Özbegistanyň şu günki Yangi Uzbekiston gazetinde çap edilen türkmen-özbek gatnaşyklaryna degişli maglumatlaryň birnäçesini okyjylaryň dykgatyna hödürleýär:
Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary soňky ýyllaryň içinde depginli ösüşe eýe boldy.Muňa soňky bäş ýylda özara söwda dolanyşygynyň bäş essä golaý ýokarlanandygy hem şaýatlyk edýär.Geçen ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 902 million amerikan dollaryna deň bolan bolsa, şu ýylyň dokuz aýynda bu görkeziji 570 million amerikan dollaryna golaýlady.
Geljekde serhetýaka söwda zolaklarynyň döredilmegi hem-de iki ýurduň paýtagtlarynda Söwda öýleriniň açylmagy bilen özara söwda dolanyşygyny 2 milliard amerikan dollaryna çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň 173-si hereket edýär. Şolardan 69-sy bilelikdäki kärhanalar bolsa, 104-si dolulygyna türkmen maýa goýumynyň hasabyna hereket edýän kärhanalardyr.
Medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde Daşkent şäherindäki köçeleriň birine Magtymguly Pyragynyň ady dakyldy we özbek paýtagtynda Aşgabat seýilgähi ulanmaga berildi. Şeýle-de Özbegistanyň Horezm welaýatynda Türkmen-özbek dostluk öýi döredildi. Ýeri gelende bellesek, Özbegistanyň çäginde Türkmen medeni merkezleriniň 6-sy hereket edýär.
Aşgabatdaky köçeleriň birine Alyşir Nowaýynyň ady dakyldy.Mundan başga-da, Aşgabatda gurlan Daşkent seýilgähiniň Özbegistanyň Prezidentiniň şu gezekki resmi saparynyň dowamynda açylmagyna garaşylýar.
Özbegistanyň resmi neşirleriniň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda türkmen diasporasynyň sany 200 müňe golaýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, özbegistanly türkmenleriň milli aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny we ene dillerini aýawly saklamak ugrunda döwlet tarapyndan degişli goldawlar berilýär. Şu maksat bilen, ýurtda türkmen dilinde bilim berýän orta mekdepleriň 44-si hereket edýär. Şeýle-de Garagalpagystan döwlet uniwersitetinde türkmen filologiýasy boýunça hünärmenler, Ajiniýoz adyndaky Nukus döwlet pedagogika institutynda bolsa türkmen dili we edebiýaty boýunça mugallymlar taýýarlanylýar.
Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem ýerli türkmenler üçin ýörite gepleşikler ýaýlyma berilýär. Olaryň hatarynda Özbegistanyň telewideniýasynyň Ýaşlar teleýaýlymynda hem-de Garagalpagystanyň Diýar radioýaýlymynda türkmen dilinde ýaýlyma berilýän gepleşikleri görkezmek bolar. Şeýle-de Garagalpagystandaky Türkmen medeniýet merkezinde türkmen dilinde Mekan gazeti çap edilýär.